Ulanyş şertleri

Şu ulanyjy ylalaşygy (mundan beýläk – «Ylalaşyk») fiziki we ýuridiki şahslar (mundan beýläk – «Ulanyjylar») tarapyndan https://bonduelle.tm/ web-saýtynyň (şol sanda onda bar bolan ähli audio-, wideo-, şekilli we ýazmaça maglumaty (mundan beýläk — «Materiallar»), hyzmatlary we gaýry programma üpjünçiligini) (mundan beýläk — «saýt») ulanylyşynyň şertlerini kesgitleýär, şeýle hem Saýta islendik Materiallaryň ýerleşdirilişi we (ýa-da) Saýtyň islendik Materiallarynyň ulanylyşy boýunça saýtyň administrasiýasy (mundan beýläk — «Administrasiýa») we Ulanyjy asrasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

1. UMUMY ŞERTLER

1.1. Saýtyň ulanylyşy, şu Ylalaşygyň düzgünleri we Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygynyň kadalary bilen düzgünleşdirilýär.

1.2. Şu Ylalaşyk köpçülige niýetlenen oferta bolup durýar. Saýta girmek bilen we ony ulanyp, Ulanyjy şu Ylalaşyga goşulan we Ylalaşygyň düzgünlerini dolulygyna, hiç hili çykarmalar we bellikler bolmazdan kabul eden hasap edilýär.

1.3. Saýtyň Administrasiýasy, haýsydyr bolsa bir ýörite habarnama bermezden, şu Ylalaşygyň şertlerini birtaraplaýyn tertipde islendik wagtda üýtgetmäge hukugy bardyr. Ylalaşygyň islendik üýtgetmeleri, Ylalaşygyň täze redaksiýasynyň çap edilen gününden güýje girýärler.

1.4. Ylalaşygyň hereket edýän redaksiýasy saýtda — şu salgy boýunça https://bonduelle.tm/agreement çap edilen.

1.5. Ulanyjynyň girizilen üýtgetmeler bilen razylaşmadyk ýagdaýynda, ol saýta elýeterlikden ýüz öwürmeli, Saýtyň materiallarynyň we hyzmatlaryny ulanylyşyny bes etmeli.

1.6. Saýta, şol sanda onuň ähli mazmunyna (Materiallar we hyzmatlar) bolan ýalňyz hukuklar «Bondýuel-Türkmenistan» JÇB ýa-da gaýry şahslaryň eýeçiligine degişlidir. Ulanyjy tarapyndan saýtyň islendik materiallarynyň we hyzmatlarynyň ulanylyşy, diňe şu Ylalaşygyň düzgünlerine laýyklykda amala aşyrylýar. Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda alynan rugsat bolmazdan«Bondýuel-Türkmenistan» JÇB haryt nyşanlary ulanmaga hiç kimiň hukugy ýokdur.

2. ULANYJYNYŇ BORÇNAMALARY

2.1. Ulanyjy, Türkmenistanyň kanunçylygyny we halkara hukuk kadalaryny, şol sanda intellektual eýeçilik, awtorlyk we/ýa-da meňzeş hukuklary bozýan hökmünde garalyp bilinjek hereketleri, şeýle hem saýtyň we Saýtyň hyzmatlarynyň kadaly işiniň bozulmagyna getirýän ýa-da getirip biljek islendik hereketleri etmezlik hakynda ylalaşýar.

2.2. Hukuk eýeleriniň ýazmaça ylalaşygy bolmazdan, saýtyň materiallarynyň ulanylyşyna rugsat berilmeýär.

2.3. Diňe maglumat, ylmy, okuw we medeni maksatlar üçin, hukuk eýeleriniň ylalaşygy bolmazdan, saýtyň materiallaryna, şol sanda goralýan awtorlyk eserlerine sitata getirmäge rugsat berilýär. Görkezilen maksatlar üçin saýtyň materiallaryna sitata getirilende saýta salgylanma hökmanydyr.

2.4. Ulanyjynyň teswirleri we gaýry ýazgylary, şeýle hem ol tarapyndan ýerleşdirilýän materiallar, Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna we hemmeler tarapyndan kabul edilen ahlak we edep-ekramlylyk kadalaryna garşy gelmeli däldir.

2.5. Ulanyjynyň saýtda mahabat häsiýetli materiallary ýerleşdirmäge hukugy ýokdur.

2.6. Saýtda daşky serişdelere bar bolup biljek salgylanmalara girendigi we olary ulanandygy üçin saýtyň Administrasiýasynyň jogapkärçilik çekmeýändigi barada Ulanyjy duýdurylandyr.

2.7. Saýtyň islendik mazmuny, intellektual eýeçilik hukuklaryny bellige almak we şeýle bellige alynyş hakynda maglumatlar, saýtda elýeter bolan ýa-da daşky saýtlardan ýa-da serişdelerden ýa-da saýtda ýerleşdirilen maglumaty ýa-da daşky serişdelere bolan salgylanmalary ulanmak bilen, Ulanyjynyň giren gaýry galtaşmalary arkaly alynan harytlar ýa-da hyzmatlar bilen bagly döremegi mümkin ýa-da dörän islendik ýitgi we zyýan bilen baglylykda, Saýtyň administrasiýasynyň jogapkärçilik çekmeýändigi we Ulanyjynyň öňünde göni ýa-da ikinji derejeli borçnamalarynyň ýokdugy bilen Ulanyjy ylalaşýar.

2.8. Ulanyjy, saýtyň ähli materiallarynyň we hyzmatlarynyň ýa-da olaryň islendik bölegi mahabat bilen bile bolýandygy baradaky düzgüni kabul edýär. Saýtyň Administrasiýasynyň şeýle mahabat bilen baglylykda hiç hili jogapkärçilik çekmeýändigi we hiç hili borçnamalarynyň ýokdugy bilen Ulanyjy ylalaşýar.

3. SAÝTDA MATERIALLARY ÝERLEŞDIRMEGIŇ ŞERTLERI

3.1. Diňe şu Ylalaşykda görkezilen tehniki görkezijilere laýyk gelen ýagdaýynda, Administrasiýa Materiallary saýtda ýerleşdirýär.

3.2. Berilen (şol sanda saýtda ýerleşdirilen) Materiallar üçin, Administrasiýa Ulanyja — awtora hiç hili görnüşde sylag bermeýär (anyk bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda, bäsleşikde ýeňiş gazanylan aýratyn ýagdaýlardan başga).

3.3. Şu Ylalaşygyň şertlerini kabul eden, saýtda ýerleşdirmek üçin Materiallary iberen ýa-da ýerleşdiren, awtor, şeýlelik bilen kanun tarapyndan gadagan edilmedik islendik usul bilen, şol sanda saýtyň çäklerinde Materiallara we/ýa-da olaryň aýratyn böleklerine (parçalaryna) giň elýeterliligi bermek we erkin ulanmak hukugy, şeýle hem ählumumy Internet torunda ýerleşdirilen beýleki maglumat serişdelerinde https://bonduelle.tm/ materiallara salgylanma ýerleşdirmek ýoly bilen, şeýle materiallary ulanmaga hukuk bilen ýalňyz bolmadyk ygtyýarnamany, çäk we ulanyş möhleti (ýöne intellektual işiniň netijesine ýalňyz hukuklaryň hereket ediş möhletiniň çäklerinde), dowamlylyk we ulanyş göwrümi hiç hili çäklendirmesiz, "Bondýuel-Gazagystan" JÇB-e berýär.

3.4. Awtor, materiallary we/ýa-da olaryň aýratyn böleklerini (parçalaryny) islendik usulda (şol sanda awtoryň adyny görkezmezden), islendik görnüşde islendik maksatlar üçin, şol sanda, çäklendirmesiz, mahabat, imidž we promo ýazgylarda, bildirişlerde, hemaýatkar zastawkalarda, maketlerde, mahabat modullaryna we ş.m. ulanmaga Administrasiýa rugsat berýär, şeýle hem Awtoryň Materiallarynyň bar bolan sahypalarynda mahabat bannerlerini we bildirişlerini, şol sanda üçünji şahslaryňkyny ýerleşdirmäge, Materiallary üýtgetmäge we işläp taýýarlamaga, şeýle hem iberilen Materiallary täjirçilik maksatlarynda ulanmaga Administrasiýanyň hukugynyň bardygy bilen ylalaşýar.

3.5. Awtor, şu Ylalaşygyň şertlerine laýyklykda Materiallary ulanmaga we olary ulanmak (Materiallary dolandyrmak) üçin rugsat bermäge ähli zerur hukuklarynyň bardygyny kepillendirýär hem-de olaryň ýerleşdirilişi we ulanylyşy üçin ähli jogapkärçiligi çekýär. Awtor, saýtda Materiallaryň ýerleşdirilişi we olaryň soňraky ulanylyşy, beýleki şahsalaryň ne şahsy ne-de emläk hukuklaryny, ýöne çäklenmän, awtorlyk, şoňa meňzeş, patent hukuklaryny, hususy durmuşa degilmesizlik hukugyny, şekilleri goramak hukugyny, namysy, mertebäni we at-abraýy goramak hukugyny bozmaýandygyny kepillendirýär. Awtor tarapyndan ýerleşdirilýän Materiallara bolan hukuklaryň eýesiniň Awtoryň bolup durýandygy babatynda Administrasiýada şübhe dörän ýagdaýlaryň halatynda, Administrasiýa öz islegi boýunça, bu barada Ulanyja duýdurman, eýýäm ýerleşdirilen Materiallary aýyrmaga hukugy bardyr.

3.6. Materiallaryň rugsatsyz nysga alynmagy we ulanylmagy üçin jogapkärçiligi, Saýtda çap edilen Materiallary ygtyýarsyz ýerleşdiren we (ýa-da) ulanan şahslar we guramalar çekýär.

3.7. Materiallar ýerleşdirilende, Administrasiýa öz islegi boýunça Awtoryň psewdonimyny görkezmän biler.

3.8. Saýtda ýerleşdirilýän Materiallarda şular bolmaly däldir:

3.8.1. Türkmenistanyň hereket edýän kadalaşdyryjy-hukuk namalary bozýan, zyýan beriji, howp salýan, edep-ekramlylyga, namysa we mertebä, üçünji şahslaryň kanun tarapyndan goralýan hukuklaryna we bähbitlerine dil ýetirýän, töhmetli, awtorlyk hukugyny bozýan, millet, etniki, jyns, durmuş häsiýetleri boýunça adamlaryň diskriminasiýasyny we/ýa-da ýigrenjini wagyz edýän, din, millet we milletara agzalalygyň öýjükdirmäge ýardam berýän, zorlama ýa-da haýwanlar bilen rehimsiz äňetme sahnalary bolan we ş.m. Materiallar;

3.8.2. Azlyklaryň hukuklaryny kemsitmek;

3.8.3. Özüni başga bir adam hökmünde ýa-da ýeterlik hukugy bolmazdan guramanyň we/ýa-da jemgyýetiň, şol sanda «Bondýuelle-Türkmenistan JÇB» ýa-da saýtyň Administrasiýasynyň wekili hökmünde görkezmek, şeýle hem haýsydyr bolsa subýektleriň we obýektleriň häsiýetleri we häsiýetnamalary babatynda ýalňyşlyga salmak;

3.8.4. Kanun boýunça ýa-da haýsydyr bolsa şertnama gatnaşyklaryna laýyklykda elýeter etmäge Ulanyjynyň hukugy bolmadyk Materiallar;

3.8.5. Üçünji tarapyň haýsydyr bolsa patente, haryt nyşana (haryt kysym), täjirçilik syra, eýeçilik hukugyna (şol sanda intellektual eýeçilik) degýän Materiallar;

3.8.6. Ýörite görnüşde rugsat berilmedik mahabat maglumatlary, spam, "piramidalar", "bagt hatlary" shemalary;

3.8.7. Islendik kompýuteriň ýa-da telekommunikasiýa enjamlarynyň ýa-da programmalaryň işleýişini pozmak, ýok etmek ýa-da çäklendirmek üçin, rugsat berilmedik elýeterliligi amala aşyrmak üçin niýetlenen kompýuter kodlary bolan Materiallar, şeýle hem tajirçilik programma önümlerine tapgyr belgileri, Internetdäki tölegli serişdelere rugsat berilmedik elýeterliligi almak üçin loginlar, parollar we gaýry serişdeler;

3.8.8. Ulanylýan kadalaşdyryjy-hukuk namalaryň bilkastlaýyn ýa-da tötänleýin bozmak;

3.8.9. Beýleki ulanyjylaryň şahsy maglumatlaryny ýygnamak we saklamak;

3.8.10. Mahabat, täjirçilik ýa-da wagyz ediş häsiýetli ýazgylaryň ylalaşylmadyk berilişi;

3.8.11. Neşe serişdeleriniň mahabaty;

3.8.12. Gödek we dil ýetiriji sözler we teklipler bolan, biriniň salgysyna ýazgylar; — pornografiki häsiýetli materiallar.

3.9. Eger-de mazmuny şu Ylalaşygyň we hereket edýän kanunçylygyň talaplaryna garşy gelýän bolsa, Administrasiýa Awtora Materiallary ýerleşdirmäge ýüz öwürip (Ulanyjyny blokirlemek) bilýär, şeýle hem Materiallary öz islegi boýunça aýyryp bilýär. Şonuň bilen birlikde şeýle ýüz öwürmäniň, aýyrmagyň sebäpleri barada Awtory habarly etmäge Administrasiýa borçly däldir.

3.10. Awtor, ol tarapyndan Saýtda ýerleşdirilýän Materiallary babatynda doly jogapkärçiligi çekýändigi bilen ylalaşýar. Administrasiýa, Materiallaryň mazmuny we olaryň hereket edýän kadalaşdyryjy-hukuk namalaryň talaplaryna laýyk gelmegine, awtorlyk hukuklaryň bozulmagyna, haryt nyşanlaryň , tähirçilik belgilemeleriň we ş.m. rugsatsyz ulanylmagyna, şeýle hem saýtda Materiallaryň ýerleşdirilmegi we/ýa-da şu Ylalaşygyň şertlerine laýyklykda olaryň ulanylmagy bilen baglylykda üçünji şahslaryň hukuklarynyň mümkin bozulmalary üçin jogapkärçilik çekmeýär. Saýtda Materiallaryň ýerleşdirilmegi we/ýa-da olaryň ulanylmagy bilen baglylykda, üçünji şahslar tarapyndan şikaýatlar gelen halatynda, Awtor özbaşdak we öz hasabyna görkezilen şikaýatlary düzgünleşdirýär.

3.11. Administrasiýa, saýtyň üznüksiz işini üpjün etmäge çalyşýar, emma Awtor tarapyndan ýerleşdirilýän Materiallayň doly ýa-da bölekleýin ýitmegine, şeýle hem Materiallary ýerleşdirmek we olara seretmek boýunça hyzmatlaryň berilişiniň ýeterlik bolmadyk hiline ýa-da tizligine jogapkärçilik çekmeýär.

3.12. Saýtda haýsydyr bolsa Materiallaryň ýerleşdirilmegi bilen baglylykda Administrasiýanyň ýa-da üçünji şahslaryň hereketlerinden onuň hukugy we bähbitleri bozulan diýip hasap edýän Ulanyjy/Awtor, support@bonduelle.tm [написать корректный мейл] salgy boýunça Administrasiýa şikaýaty iberýär. Eýeçilik hukugynyň hakykylygy tassyklanandan soňra, Materiallar hökmany tertipde Saýtdan aýyrylar.

3.13. Saýtyň Administrasiýasy, öz islegi boýunça islendik wagtda we islendik sebäp boýunça, şol sanda Ulanyjy şu Ylalaşygyň düzgünlerini bozdy diýip hasap edende, Ulanyja saýta ýa-da onuň aýratyn materiallaryna we hyzmatlaryna elýeterlilikde ýüz öwürip biler. Şunuň bilen Ulanyjy, saýta elýeterlilik ýa-da ony ulanmaklyk, deslapdan duýdurmasyz bes edilip bilinjekdigi bilen, şeýle hem saýtyň Administrasiýasynyň hasap ýazgysyny (login we parol), onuň bilen bagly ähli materiallary we faýllary we/ýa-da bu materiallara we faýllara soňraky elýeterliligi dessine blokirläp ýa-da aýyryp bilýändigi bilen ylalaşýar.

4. GAÝRY ŞERTLER

4.1. Şu Ylalaşykdan gelip çykýan ýa-da onuň bilen bagly ähli mümkin jedeller Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda çözülmäge degişlidir.

4.2. Ylalaşykda hiç zat, Ulanyjy we saýtyň arasynda agentlik gatnaşyklaryň, ýoldaşlyk gatnaşyklaryň, bilelikdäki iş gatnaşyklaryň, şahsy hakyna tutmak gatnaşyklaryň ýa-da göniden-göni Ylalaşyk tarapyndan göz öňünde tutulmadyk gaýry gatnaşyklaryň döremegi hökmünde düşünilip bilinmeýär.

Ulanyjy, şu Ylalaşygyň ähli bentleri bilen tanyşandygyny we şertsiz olary kabul edýändigini tassyklaýar.