Şahsy maglumatlary gaýtadan işlemek syýasaty

Şahsy maglumatlary işläp taýýarlamak babatyndaky şu syýasat (mundan beýläk – "Syýasat") laýyklykda "Bondýuel-Gazagystan" JÇB tarapyndan işläp taýýarlandy.

Kompaniýanyň Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygy tarapyndan şahsy maglumatlara degişli edilýän maglumatlary, mysal üçin, familiýany, ady, atasynyň ady, doglan senesi we ýeri, salgysy, maşgala, durmuş, emläk ýagdaýy, bilimi, käri, girdejileri, telefon belgisi, elektron poçtasynyň salgysy we beýleki maglumatlary (mundan beýläk – "Şahsy maglumatlar"), web-saýtyň ulanyjylary tarapyndan Şahsy maglumatlaryň meýletin berilen ýagdýalaryndan daşary, Kompaniýa degişli web-saýtlary arkaly ýygnamaga niýeti ýokdur.

Öz Şahsy maglumatlaryny meýletin bermek bilen, web-saýtyň ulanyjylary we şahsy maglumatlaryň gaýry subýektleri (mundan beýläk – "Ulanyjylar") awtomatiki ýagdaýda Kompaniýa tarapyndan olaryň şahsy maglumatlaryny işläp taýýarlamaga razylygyny berýärler, şol sanda, şahsy maglumatlary goramak hakynda Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda olaryň serhetara berilmegini, şeýle hem Şahsy maglumatlaryň üçünji taraplara aýan edilmegini ýa-da olaryň şu Syýasata laýyklykda ýaýradylmagyna. Şonuň bilen birlikde, şahsy maglumatlary işläp taýýarlamak - awtomatlaşdyryş serişdeleriniň ulanylmagy bilen ýa-da şeýle serişdeleri ulanmazdan amala aşyrylýan, şahsy maglumatlar bilen islendik hereket (amal) ýa-da hereketleriň jemi (amallar), şol sanda şahsy maglumatlaryň ýygnalyşy, ýazylyşy, ulgamlaşdyrylyşy, toplanylyşy, saklanylyşy, takyklanylyşy (täzelenişi, üýtedilişi), çykarylyşy, ulanylyşy, berilişi (ýaýratma, tabşyrma, elýeterlik), hususyzlaşdyrmasy, blokirlenişi, pozulyşy, ýok edilişi bolup durýar. Şahsy maglumatlarynyň işläp taýýarlanylmagyny islemeýän Ulanyjylar, olary bermeli däldirler. Şu ylalaşyk, onuň ýazmaça görnüşinde yzyna gaýtaryljak gününe çenli hereket edýär.

Kompanýa tarapyndan, Türkmenistanyň kanunçylygyna we Kompaniýanyň tertipnamasyna laýyklykda, Kompaniýanyň işini amala aşyrmak maksatlary üçin, diňe hereket edýän degişli düzgünlerde we kadalarda göz öňünde tutulan tertipde, Şahsy maglumatlary Kompaniýanyň hyzmatdaşlary bolan gaýry guramalara berilip bilinýär.

Kanunçylykdaky, Kompaniýanyň web-saýtlarynyň mazmunyndaky ýa-da gizlinligi berjaý etmek çärelerindäki üýtgetmeleri görkezmek bilen, Kompaniýa Syýasata gaýtadan seredip biler. Şol sebäpli, häzirki Syýasatdan habarly bolmak üçin Syýasat yzygiderli okalyp durulmalydyr.

Ulanyjylar öz Şahsy maglumatlaryny beren wagtynda, eger-de başgaça görkezilmedik bolsa (Ulanyjynyň özi tarapyndan şahsy maglumatlarynyň işläp taýýarlanylmagyna bolan razylygyny Kompaniýa aýratyn ibermek arkaly tkayklaşdyrylmadyk bolsa, bu razylykda şeýle çäklendirmeler bolmaly we ol anyk, maglumatly we düşünjeli bolmalydyr), olar şu hereket bilen, olaryň Şahsy maglumatlarynyň şu görnüşde işläp taýýarlanylmagyna Kompaniýa düşünjeli öz razylygyny bildirýärler (berýärler): saklamak (şol sanda şikaýat berilen ýagdaýy üçin), ulgamlaşdyrmak, ýygnamak, ýazmak, toplamak, pozmak, ýok etmek, takyklamak (şol sanda täzelenme, üýtgetme), çykarmak, ulanmak, ýaýratmak (şol sanda üçünji şahslara bermek), bermek, aýan etmek, hususyzlaşdyrmak, blokirlemek, şeýle hem sarp edijileriň isleglerini öwrenmek we öz önümleriniň we hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak üçin şu maglumaty geçirmek. Kompaniýa (ýa-da onuň bilen bagly şahslar, ýa-da onuň bilen şertleri Şahsy maglumatlaryň goragyny göz öňünde tutýan şertnamalary baglaşan şahslar) Ulanyjylar bilen habarlaşmak üçin alynan Şahsy maglumatlary ulanyp bilýär, şol sanda Kompaniýa tarapyndan guralýan marketing çäreleri (aksiýalar, bäsleşikler we beýlekiler) barada maglumat bermek we (ýa-da) olarda gatnaşmak barada teklipleri ibermek, gaýry habarnamalary we mahabat tekliplerini ibermek maksady bilen, şeýle hem marketinji seljermesini geçirmek we statistiki maglumatlary ýygnamak maksady bilen. Kompaniýa, Kompaniýanyň web-saýatlarynyň myhmanlaryny we ulanyjylary hakynda jemlenen (görnüşi üýtgedilen) maglumaty üçünji şahslara berip bilýär.

Kompaniýa, ýitgä, ogurlyga we rugsatsyz ulanylyşa, aýan edilişe we galplyga garşy, öz ygtyýarlygynda bolan Şahsy maglumatlaryň goragynyň zerur çärelerini ulanýar. Berilýän maglumatlary goramak maksady bilen, Kompaniýa elektron sanly goluň ýa-da öz şahsy goluň gaýry analoglarynyň ulanylyşyny, enjamlaýyn we pogrmmalaýyn gorag serişdeleriniň ulanylyşyny, tehniki serişdelere we gulluk otaglara elýeterligiň çäklendirilişini, maglumatyň bütewiligine gözegçiligi we onuň rugsat berilmedik üýtgedilişine, nusga alynyşyna we ýok edilişine gözegçiligi üpjün edýär.

Şu Syýasatyň diňe göniden-göni Kompaniýa berilen Şahsy maglumatlar babatynda hereket edýändigi barada Kompaniýa şunuň bilen maglumat berýär. Ulanyjylar tarapyndan, üçünji şahslara meýletin berilen maglumat, şol sanda Şahsy maglumatlar, mysal üçin çatlarda, forumlarda, elektron poçtada, Internet torunda foto we wideo materiallary ýerleşdirmek arkaly, üçünji şahslar tarapyndan talap edilmeýän habarnamalary ibermek üçin ýa-da gaýry maksatlar üçin ulanylyp biliner. Kompaniýa Internet toruny ulanmaklyga jogapkärli garalmagyny we Şahsy maglumatlaryň we gaýry maglumatlaryň howpsuzlyugyny ýatda saklanylmagyny maslahat berýär. Kompaniýa, Kompaniýanyň web-saýtlarynyň ulanylmagynyň gizlinligini kepillendirip bilmeýär (sebäbi web-saýtlara elýeterlik açyk bolup durýar) we Kompaniýnayň web-saýty ulanylanda ýa-da Ulanyjy tarapyndan Kompaniýanyň web-saýtyna iberen maglumatyň gizlinligiň bozulmagy netijesinde Ulanyjynyň (ýa-da islendik şahsyň) çekip biljek islendik zyýany üçin jogapkärçilik çekmeýär.

Käbir ýagdaýlarda, Kompaniýa Şahsy maglumatlar bolmadyk tehniki maglumaty awtomatlaşdyrylan usulda (ýagny bellige, hasaba alyşsyz) alyp bilýär. Şeýle maglumatlara internet-brauzeriň görnüşi, kompýuteriň (enjamyň) dolandyryş ulgamynyň görnüşi we tehniki häsiýetli gaýry maglumatlar degişlidir.

Kompaniýa Ulanyjynyň kompýuterinde (enjamynda) käbir maglumatlary saklap bilýär. Şu maglumatlaryň cookies (girilýän saýtlardan kompýuteriň gaty diskine ýa-da gaýry enjamyň ýadyna iberilýän maglumatly kiçi faýllar) ýa-da oňa meňzeş görnüşinde bolar we dürli tehniki meseleleriň çözülmeginde peýdaly bolup biler (mysal üçin, enjamdan soralýan maglumatyň iň ýokary derejede çalt we dogry görkezilişi üçin).

Şahsy maglumatlaryň goragy babatynda islendik soraglary, teswirleri we şikaýatlary https://bonduelle.tm/about/contacts sahypada görkezilen salgy boýunça iberip bolýar.