7 PEÝDALY ÝARMA: ERTIRLIK WE GARNIR ÜÇIN ŞÜLE SAÝLAÝARYS

17.03.2023
Ýarmalar – deň derejeli iýmitlenmegiň esasy düzüjisi, sebäbi olar, saglygy goldamak üçin bedenimize zerur bolan köp peýdaly maddalaryň çeşmesidir. Birinji bilen, bu, asrp edilen energiýany dikeltmek üçin zerur bolan haýal uglewodlar. Ikinji bilen, olar kaliý, magniý, fosfor, kalsiý ýaly mikroelementlere we hemmesinden öňürti E we B toparynyň witaminlerine baýdyr. Eger-de biz bitin, arassalanmadyk dänäni saýlaýan bolsak, onda biz ýarma bilen bilelikde öümlik belogynyň we kletçatkanyň köp mukdaryny alýarys. Ösümlik süýmleri, aşgazan-içege ýolunyň işini gowulandyrýarlar, çalt doýmaga ýardan berýärler, uzak möhletde jaykma duýgusy aradab aýyrýarlar, agramy kadada saklamaga ýardam berýärler, şeýle hem şekeriň siňdirilmegini haýalladýarlar, şonuň netijesinde önümleriň glikemiki derejesi peselýär.
Ondan başga-da, ýarmalar biz üçin ähli ýylyň dowamynda elýeter bolýarlar, ýeterlik derejede uzak saklanyş möhletleri bar, olary özbaşdak tagam hökmünde taýýarlap bolýar - köp kişi gününe şüleden başlamagy saýlaýarlar - we garnir hökmünde bişirip bolýar. Häzirki wagtda ýarmalaryň saýlamy örän dürli-dürlidir, emma olaryň ýokumly gymmatlygy tapawutlydyr, şol sebäpden biz iň peýdaly ýarmalary saýladyk we olaryň artykmaçlyklarynyň nämedigi barada gürrüň berdik.
1. GREÇKA ÝARMASY
Greçka ýarmasyndan un
Ähli ýarmalardan greçak iň köp peýdaly nutrientlere eýedir, allergiýa emele getirmeýär, şol sanda hem içinde glýuetniň bolmandygy sebäpli, hem-de aňsat bişirilýär. Bu ekologiki taýdan arassa önüm, sebäbi hiç haçan gen taýdan üýtgetmelere sezewar bolmady. Ondan başga-da greçka ekilen meýdanlarda himiatlar ulanylmaýar, sebäbi ol haşal otlaryň hüjümüne sezewar bolmaýar. Greçka özboluşly tagamy, ýarmanyň saklanyş möhletini uzaltmak üçin öz wagtynda edilip başlanan gowurylma berýär. Iň gowusy, ýokumlyk gymmaty has ýokary bolan ýaşyl greçkany saýlamak. We elbetde, ony dükanda dogry saýlamak. Sayn alynanda nämä üns berilmelidigi hakynda, Rospotrebnadzor edarasynyň saýtynda görüp bolýar.
Greçkanyň kaloriýa derejesi – 300 kkal / 100 g. Belokler – 14 g. Ýaglar – 3 g. Uglewodlar – 57 g. Kletçatka – 6 g. Onuň içinde B toparyň witaminleri köp, minerallardan demir, fosfor, kaliý, marganes, kalsiý we magniý has köp.
Greçkanyň peýdasy:

Aňsat we çalt siňdirilýärn, dolly gymmatly ösümlik belogy.
Anemiýanyň emele gelmeginiň öňüni alyş hökmünde gulluk edýän, gemoglobinyň sintezine ýardam berýäm demir we mis.
Magniý we B toparynyň witaminleri nerw we ýürek-damar ulgamlaryny berkidýärler we beýni işjeňleşdirýärler.
Kalsiýa süňkleriň we dişleriň berkligine ýardam berýär, ýod bolsa gorman derejesini kadalaşdyrýar.
Fenol birleşmeleri, greçkany garrama amallaryny haýalladýan antioksidantlara degişli etmäge mümkinçilik berýärler.
Greçka bilen köp gyzykly tagamlary taýýarlap bolýar - hatda çorbalary we etsiz-ýagsyz kotletleri.
2. SÜLE ÝARMASY
Süle şülesinden ertirlik
Iň peýdaly ýarmalaryň toparyna süläniň arasslanmadyk dänelerinden süle ýarmasy hem girýär. Şeýle ýarmany gaýnatma wagty boýunça aňsat tanap bolýar: ol 15 minutdan az bolup bilmeýär. Onda kletçatka has köp we ähli witaminler doly derejede saklanýar, olaryň içinde A, E we B topary, şeýle hem sink, magniý, kalsiý, fosfor, demir we beýleki mikro- we makroelementler.
Biz köplenç, taýýarlamadan soňra peýdaly maddalaryň bir bölegini ýitiren, ýöne heniz hem orän erbet bolmadyk düzümi saklaýan, buga tutulan we presslenen süle patraklaryny ulanýarys. Ahyry, gürrüňsiz, çalt taýýarlanýan şüleler, wagty tygşytlaýarlar: olaryň üstüne diňe gaýnag suw guýmaly, we olar peýdalanmaga taýýar bolýarlar, emma peýda nukdaýnazaryndan ýöne "boş" däl-de, eýsem kä wagt hem zyýanly, sebäbi öndürijiler köplenç olara şeker we ys beriji maddalary goşýarlar.
Kaloriýa derejesi – 340 kkarl / 100 g. Beloklar – 12 g. Ýaglar – 5,8 g. Uglewodlar – 65 g. Kletçatka – 10 g.
Süle ýarmasynyň peýdasy:

Antioksidantlar immuniteti ýokarlandyrýarlar we çişme kesellerine garşy göreşýärler.
Metionin aminoturşusy hem, magniý hem ýaly, stresslere garşy durmaga nerw ulgamyna ýardam berýärler.
Kletçatka iýmit siňdirişini kadalaşdyrýar we içegeleriň peýdaly bakteriýalaryna iým bolup gullyk edýär.
Beta-glýukanlar bedenden erbet holsesterini çykarýar.
3. POLBA
Polbaly we ter gök önümli işdäaçar
Häzirki wagtda bu at hakykatda ulanyşdan çykdy, ýarmanyň özi ýaly belli bir wagt öň az kişä nätanyş boldy. Eýsem ol planetada iň gadymy galla ekinleriniň birine degişli bolup durýar. Arheologlaryň aýtmagyna görä, adamlar polbany 8 müň ýyl ozal iýmäge başladylar.
Emma sagdyn iýmitlenmäge bolan trend, biziň köp täze önümler bilen tanyşdyrdy, şol sanda hem farro ýarmasy bilen. Bu ýarma Italiýada berilýän at astynda, polba gizlenýär - seçgijileriň gyzyklanma çygryna hiç haçan düşmedik, onda diýmek, hiç haçan gen taýdan üýtgedilmä sezewar bolmadyk bugdaýyň ýabany görnüşi.
Kaloriýa derejesi – 338 kkal / 100 g. Beloklar – 14,7 g. Ýaglar – 2,3 g. Uglewodlar – 70 g. Kletçatka – 10,7 g.
Polbanyň peýdasy:

Bugdaýdan alynan ähli ýarmalardan, polbada aşgazan-içege ýolunyň dogry işleýişini üpjün edýän, iň köp iýmit süýmleri bar.
Demir gan dörediş amallaryna gatnaşýar we eritrositlaryň öndürilmegini ýokarlandyrýar, bu bolsa şol sanda maddalaryň çalşygyny tizleşdirýär.
Kalsiý we fosfor süňkleriň we dişleriň saglygyny saklaýar.
Tiamin bedeniň gorag wezipelerini işjeňleşdirýär.
4. TÜWI

5.jpg
Eger-de haýsy ýarma has peýdalydygy barada gürrüň edilse we tüwiniň dürli görnüşleri deňeşdirilse, onda goňur (arassalanmadyk) we buga tutulan tüwiler öňdebaryjylarda bolar. Gabygynyň saklanylmagynyň hasabyna tekizlenmedik tüwide, ýarmanyň ýokumlyk gymmatyny üpjün edýän hemme nutriýentler hem galýar.

Kaloriýa derejesi – 331 kkal / 100 g. Beloklar – 6,3 g. Ýaglar – 3,4 g. Uglewodlar – 76,17 g. Kletçatka – 14 g.
Tüwiniň peýdasy:

Ak görnüşinden tapawutlylykda, gandaky glýukozanyň derejesini ýokarlandyrýar, onda diýmek, şekeriň derejesine gözegçilik etmäge ýardam berýär.

Rospotrebnadzoryň maglumatlaryna görä, ýarmalaryň arasynda has ýokary hilli belogyň biologiki gymmatlygy boýunça tapawutlanýar.

Tagamyň içinde bile sazlaşýan, beýleki önümleriň siňdirilişini ýokarlandyrýar.

Içinde glýuten ýok, we şu beloga allergiýasy bolan adamlaryň rasiony üçin laýyk gelýär.
Tüwi düýbünden köpugurlydyr, Ony diňe şüle ýa-da garnir üçin bişirip däl-de, eýsem işdäaçarlarda ýa-da çorbalarda ulanyp bolýar, gyzgyn tagamlara goşup bolýar, boulyň bölegi edip bolýar.
Tüwi şeýle-de, dünýäniň dürli ýurtlarynyň köçe naharlary heňleri boýunça "Gawaý" we "Meksikan" gök önümli garyşyklaryň düzümine hem girýär. Garyndylary ýöne saçda 7 minutlap gowuryp bolýar - we süýji, deň derejeli tagam düýübünden hiç hili tagallasyz we çalt taýýar bolýar. Eger-de wagt has köpräk bolan ýagdaýynda, olar bilen mysal üçin sarymsak sousynda leňňeçleri, zenjebil we laým bilen towugy ýa-da sygyr etini bişirip bolýar.
5. ARPA ÝARMASY
Hakykatda arpadan iki sany ýarma edilýär - perlowka (bitin däneler) we ýaçnewiý (owradylan däne). Olaryň ikisiniň hem peýdaly häsiýetleriniň toplumy bar. Emma ýaçnewiý ýarmasy hemişe arassalanmadyk dänelerden öndürilýän bolsa, onda diýmek, iň köp ýokumlyk maddalaryny saklaýar, perlowka bolsa deslapky arassalanyşa sezewar edilýän bolmagy mümkin. Saýlamada ýalňyşmazlyk üçin, dükanda owal şekilli dänäniň ortasynda garamtyl çyzykly perlowkany gözleýäris - edil şol gabygyň abatlygy barada aýdýar.
Kaloriýa derejesi – 352 kkal / 100 g. Belok – 9,3 g. Ýaglar – 1,1 g. Uglewodlar – 73,7 g. Kletçatka – 15,6 g.
Arpa ýarmasynyň peýdasy:

Kletçatka mukdary boýunça öňdebaryjylaryň biridir.
Lizin aminoturşusy çişmä garşy güýçli täsiri berýär, bu bolsa sowuklama we wirus keselleriniň çalt hötdesinden gelmäge ýardam berýär.
Güýçli buşukdyryjy serişde bolup, böwrek kesellerinde ýardam berýär we çişler bilen garşy göreşýän serişde bolup gulluk edýär.
Selen bagyryň dokumalaryny arassalaýar, şeýle hem onkologiýanyň döremeginden bedeni goraýan T-serişdesiniň öndürilişini işjeňleşdirýär.
6.jpg
6. BULGUR
Gündogar ýurtlarynyň aşhanasynda meşhur bolan ýarma, - bu ýaş bugdaýyň arassalanan, buga tutulan we guradylan däneleridir. Olarda inçe hoz tagamy we hoşboý ysy bar. içinde glýuten bar, onda diýmek, bu önüme allergiýasy bolan adamlara ony iýmek gadagandyr.

Kaloriýa derejesi – 342 kkal / 100 g . Belok – 12,2 g. Ýaglar – 1,3 g. Uglewodlar – 63,4 g. Kletçatka – 12,6 g.
Bulguryň peýdasy:

Agrama gözegçilik etmäge ýardam berýär, sebäbi içinde ösümlik süýmleri bar.
Ödiň çykarylmagyna ýardam berýär, bu bolsa detoksikasiýa amallarynda bagyra ýardam berýär.
Damarlary giňeldýän şeýlelik bilen gan basyşyny peseldýän, onda diýmek, ýürek ulgamyny goraýan kaliý maddasyna baýdyr.
Magniý, rahat we uzak uka jogap berýän, neýrotransmitterleriň öndürilmegini işjeňleşdirýär
7.jpg
7. KINOA
8.jpg
Amarantlylar maşgalasynyň ösümligiň ýarmasy, sagdyn iýmitlenmä bolan ternd bilen baglylykda meşhur boldy. Hakykatda ony Günorta Amerikanyň dag sebitlerinde indeýeslar birnäçe müň ýyl ozal ýetişdirýärdiler. Onuň içinde köp ösümlik beloklary, çalşyryp bolmaýan aminoturşular we minerallar we gluýteniň ýoklugy bar. Işdäaçarlar we gyzgyn tagamlar üçin iň amatly düzüji, taýýarlanyş usullarynda tüwini onuň bilen aňsatlyk bilen çalşyryp bolýar.
Kaloriýa derejesi – 368 kkal / 100 g . Belok – 14,2 ý. Ýaglar – 6,1 g. Uglewodlar – 57,2 g. Kletçatka – 11,4 g.
Kinoanyň peýdasy:

Fitin turşusy zyýanly holesterini çykarýar we antioksidant bolup, onkologiýa keselleriniň ösmeginden goraýar.
Aminoturşylar öýjükleriň ösüşine we täzelenmegine gatnaşýarlar, endokrin ulgamynyň işini kadalaşdyrýarlar.
Beýleki gallalardan tarapwutlylykda, ýürek-damar ulgamy üçin peýdaly bolan, ýagly Omega 3 turşularyň ýokary mukdaryna eýedir.
Içinde saponinlar - aşgazanasty mäziniň wezipelerini goldaýan organiki birleşmeleri bar.

ŞULARY HEM OKAŇ

Ýene-de saýtda