Badamjan — aşpezlikde iň meşhur we gowy görülýän gök önümleriň biridir. Onda hemme zat gowy ýaly; wiatminlere, minerallara we kletçatka baý, reňki bilen gözleri begendirýär, beýleki önümler bilen ajaýyp sazlaşýar we örän gowy tagamy bar. Emma bu ähli bal çelegine bir çemçe garaýag hem bar: köplenç badamjanlar ajymtyk kaýarlar. Eger-de hemme zady şol durşuna goýsaň, onda taýýar tagamda ýakymsyz tagam duýular. Ony solanin - itüzümler maşgalasynyň göň ünmlerinde bar bolan zyýanly organiki madda berýär. Ol şeýle hem gögeren ýeralmada we bişmedik tomatlarda hem bar. Ol gabykda jemlenýä, we badamjanyň näme üçin ajymtyk bolýandygy şonuň bilen düşündirilýär. Esasy üç sany sebäbi bar:
hasyl öz wagtyna ýygylmadyk, we gök önümler ekin meýdanlarynda "eglendiler"
erbet howa şertleri – badamjanlaryň bişme döwründe ýygy-ýygydan we birden tempereturalaryň üýtgemegi
ýalňyş suwaryş – çyglylygyň artykmaçlygy ýa-da ýetmezçiligi
Eger-de siz özbaşdak badamjanlary ýetişdirmeýän bolsaňyz, onda siz olaryň terjimehalyny bilmeýän bolmagyňyz mümkin, emma olaryň ýalňyş ýetişdirilmeginiň netijeleri bilen duş gelip bilersiňizi. Şol sebäpden, töwekgelçilik etmezlik we tagamy zaýalamazlyk üçin, iň gowusy deslapdan barlanan usullardan peýdalanmaly we badamjanlardan ajymtyk tagamy aýyrmaly.
DUZ
2 grilled-eggplant-slices.jpg
Ajy badamjanlar bilen örän gowy göreşçi. Bu maksatlar üçin duzy nädip ulanyp boljakdygynyň iki usul bar. Olary şertli "gury" we "öl" diýip atlandyrýarlar:
Gök önümi uzynlygy boýunça ýa-da tegelek görnüşde kesýäris we iri duz bilen sepýäris. Hut iri duz bilen: gök önümiň ýumşak eti öýjüklidir, ol öz içine aňsatlyk bilen ownuk duzy alar we ol ýerde galar. Hawa badamjanlar ajymtyk kakmaz, ýöne olar artykmaç duzly bolar. 20-30 minutlyk goýýarys, ýüzüne çyg çykýança çenli. Duzy aýyrmak üçin akar suwad ýuwýarys, we kagyz esgi bilen guradýarys.
Ikinji usul – kesilen badamhanlary duzlanan suwa (1 litr suwa 1 nahar çemçesi gatnaşygynda) we olar ýüzüne çykmaz ýaly agyr bir zat bilen basdyrýarys. Şeýle-de ýarym sagatlyk goýýarys, soňra süzgüjiň üstüne goýup, ýuwýarys we suwyň galyndysynyň akmagyna maý berýäris.
Eger-de iki usulyň arasynda saýlamaly bolsa, onda "gury" has amatly. Şeýle-de ownuk duzly ýagdaýdaky ýaly, ikinji usulda badamjanlaryň ýumşak eti häs köp çyglylygy öz içine alyp biler, we gök önümiň teksturasy has gowşak bolar.
DOŇDURYLMA
3 grilled-slices-of-eggplant.jpg
Badamjanlaryň ajymtyk kakmazlygy üçin, olary doňduryp bolýar. Ýa-da öň ýanyndan – we soňra zerur boldugyça ulanmaly. ýa-da 4 sagatlygyna, eger-de bu gök önüm bilen tagam bişirmek pikiri size ylham boýunça gelen bolsa. Algoritm aňsat: bölekler kesýäris, olar bir gat şeklinde tabaga ýa-da folga goýýarys we doňduryja iberýäris. 4 sagatdan soň çykarýarys, otag temperaturasyna gelýänçä çenli garaşýarys, suwyny sykýarys we taýýarlamaga iberýäris. Bärde bir "emmasy" bar: doňdurylan badamjanlaryň taýýarlanyş möhletini azaltmaly sebäbi, olar şeklini ýitirer we püre şekline eýe bolarlar.
ARASSLAÝYŞ
Iň aňsat usul - bu ýöne ajymtyk tagamy berýän gabygyny aýyrmak ýalydyr. Gynansakda bu her gezek laýyk gelmeýä. Hakykatda ähli taýýarlanyş usullary gök önümiň gabygyny bolmagyny talap edýär.
Şeýlelikde, badamjanlaryň ajymtyk tagamyny aýymrk boýunça bilimlere esaslanyp, olary tejribede özleşdirmäge teklip edýäris. Onuň üçin biziň ýygyndymyzdan bir taýýarlanyş usuly saýlaýarys.