ÇELPEKLER ÜÇIN MIWELI DOLDURMALAR

01.06.2023
Inçe ýuka çelpekler — bu doýuryjy, süýji we işdäli köpugurly ertirlikdir, aýratynda täze tagam äheňlerini getirjek dogry doldurmalar bilen olaryň üstüni ýetirseň. Çelpekleriň ýanyna doldurmalaryň islendi görnüşlerini äberip bolýar - etden, peýnirden we doragdan miwelere we hatda şokolada çenli. Ýöne biz bu gün bu tagamyň iň tomus görnüşi barada - dürli görnüşli miwelerden doldurmalar barada gürrüň ederis. Şeýle ertirlik üçin haýsy miweler has gowy laýyk geljekdigini aýdyp berýäris we miweli çelpekleriň çalt taýýarlanyş usullarynyň pikirlerini paýlaşýarys.
HAMYRYŇ AÝRATYNLYKLARY
Miwelere geçmezden öňürti, çelpekler üçin esas - hamyr bilen kesgitleşmek zerurdyr. Miwe doldurmalary, hamyryň azajyk süýji we bitarap bolmagyn - ýöne hiç hili duzly bolmazlygyny çak edýärler. Esasy kada: 1. Eger-de siz turşy miweleri (smorodina, oblepiha, üçgat, kryžownik) ulnmagy meýilleşdirýän bolsaňyz, onda turşulygy deňeçerlemek üçin hamyry azajyk süýjedip bolýar. 2. Süýji miweler (ýertudana, malina) üçin tagam gereginden artyk süýji bolmaz ýaly artykmaç şekersiz, bitarap hamyry alanyň gowudyr.
TAGAMY NÄDIP HAS DEŇEÇER ETMELI
Şeýle ertirligi deňeçer etmäge, şekeriň ret edilmegi we unyň alternatiw görnüşlerine geçilişi ýardam berer. Öwrenişilen ag şekeriň ýerine beýleki, has saglykly süýjedijileri - mysal üçin, baly, kerkaw şerbeti, stewiýany ýa-da fruktozany ulanyp bolýar. Inçe üwelen adaty bugdaý unyny bolsa bitin däneli, tüwi we greçka uny bilen çalşyryp bolýar. Şeýle çelpekler has peýdaly bolar we şonuň bilen birlikde adatylar ýaly süýji bolar.
TÜWI UNYNDAN ÇELPEKLER
Tüwi uny bugdaý unyndan has gowy siňdirilýär, onda has köp haýal uglewodlar bar, we ondan taýýarlanan tagamlar az kaloriýaly bolýar, şol sebäpden ony aňsatlyk bilen, adaty taýýarlanyş usullarynyň iň gowy aýlamy hökmünde ulanyp bolýar. Tüwi unyndan çelpekler, inçe, tagamy boýunça näzik we bitarap bolýarlar, şol sebäpden olara islendik görnüşli - hem duzly hem süýji doldurmalar laýyk gelýär. Peýdaly çelpekleriň has köp taýýarlanyş usullary - "Çelpekler: glýutensiz we şekersiz taýýarlanyş usullary" atly makalamyzda bardyr.
MIWELERI NÄDIP SAÝLAMALY
Islendik miweleri alyp bolýar — ter wwe doňdurylan, bitin ýa-da ezilen, mürepbe, jem, konfitýur ýa-da goýy žele görnüşinde. Saýlanyňyzda ös islegleriňize esaslanyň: 1.Eger-de siz has süýji tagamlary gowy görýän bolsaňyz, onda ýertudanany, zemlýanikany, malinany, üljäni, çereşnýany saýlamaly, has süýjülik üçin olara azajyk bal ýa-da topinamburyňp hakyky şerbetini goşup bolýar. 2. Eger-de siz sähel turşulygy gowy görýän bolsaňyz, onda tokaý miweleri (çernika, golubika, klýukwa, ýežewika), şeýle hem žimolost, kryžownik, oblepiha, gyzyl ýa-da gara smorodina laýyk geler. Miweleriň tagamyny has täsirli etmek üçin olara azajyk limon suwyny we limonyň ýa-da apelsiniň gabygyny goşup bolýar.
DOLDURMANY NÄDIP TAÝÝARLAMALY
DOŇDURYLAN MIWELERDEN
ягоды 1.png
Klassiki miwe doldurmasyny taýýarlamgyň iň ýönekeý usullarynyň biri — goýy, žele görnüşli teksturaly konfitýury taýýarlamak. Onuň üçin doňdurylan bitin miweleriň iki stakanyny almaly, olara iki çemçe limon suwyny, tagam boýunça süýjedijini goşmaly we az mukdarda suw bilen katrýulýada sähelçe gaýnatmaly. Käbir miwelerde (mysal üçin, smorodina, klýukwa ýa-da zemlýanika) taýýarlanylyşda konfitýuryň goýulaşmaga ýardam berjek, ýeterlik mukdarda pektini bar. Emma eger-de tebigy pektin ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda, garynda azajyk eredilen krahmaly goşup bolýar we goýulaşýança çenli ýene-de bir gezek gaýnatmaly - şeýlelik bilen ol näzik žele görnüşli tekstura eýe bolar we çelpeklerden akyp çykmaz. Eger-de knfitýur şonda hem suwuk bolan bolsa, onda ony iki bölege bölüp bolýar. Suwuk miwe suwuny aýratyn gaba guýmaly we onuň bilen tagamyň üstüni owadan bezäp bolýar, galan goýy garyndyny bolsa doldurma hökmünde ulanyp bolýar.
TER MIWELERDEN
ягоды 2.png
Islenilse miweleri taýýarlaman, göni ter görnüşde hem ulanyp bolýar. Iň ýönekeý usuly — olaryň üstüne az mukdarda şeker ýa-da şeker tozy bilen sepmek we 10-15 minutlyk goýamk - şonda olar öz suwuny bererler we has ýumşak bolarlar. Soňra emele gelen garyndy bilen çelpekleri dolduryp bolýar. Şekeriň mukdaryny azaltmak üçin, ony limon suwy bilen garylan bala çalşyryp bolýar. Başga usul — çelpekleri ýöne ter miweler bilen bezemek we olary gatyk ýa-da ýagsyz gaýmak bilen bilelikde äberip bolýar ýa-da hatda olary näzik birmeňzeş pýure bolýança çenli elekden geçirip bolýar.
GOŞUNDYLAR BILEN MIWELERDEN
ягоды 3.png
Miweler köp önümler bilen sazlaşýarlar, şol sebäpden olar bilen üznüksiz geçirip bolýar we tagamlaryň täze sazlaşmalaryny döredip bolýar. Olary ýumşak dorag ýa-da dorag peýniri bilen birleşdirmäge synanyşyň — bu tagama belok düzüjisini goşmaga we siziň ertirligiňizi hasa deňeçerlenen etmäge ýardam berer. Eger-de siň has nepis bir zat isleýän bolsaňyz, doragyň ýerine gaýmakly italýan peýniri maskarponeni ýa-da rikottany ulanyp görüň, olar öz näzik teksturasy bilen ýakymly miweleri aýdyňlaşdyrarlar.

ŞULARY HEM OKAŇ

Ýene-de saýtda