HOLESTERINIŇ DEREJESINI PESELDÝÄN WE ARTDYRÝAN ÖNÜMLER

06.10.2022

Ýokary holesteriniň saglyk üçin zyýanlydygy barada belki hemmämiz eşidendiris. aslynda holesteriniň nämedigini, näme üçin onuň derejesine gözegçilik etmeli we ähli holesterin zyýanlymy, aýdyňlaşdyrmagy teklip edýäris. 



Holesterin – bu bedeniň içinde ähli wajyp amallara: öýjük, gormonal, iýmit siňdiriji, şeýle hem D witaminiň öndürilişine gatnaşýan lipid maddadyr. Holesteriniň köp bölegi bedeniň özi tarapyndan öndürilýär, bir bölegi iýmit önümleri bilen bile gelýär. Holesteriniň ýokary barlygy damarlaryň dykylmasyna sebäp bolýar we infarktyň we insultyň döremeginiň töwekgelçiligini ýokarlandyrýar. Şol sebäpden holesterini "erbet" we "gowy" diýlip atlandyrylýanlara bölünýär. Erbet holesterin ýürek-damar keselleriň ösmegine getirýär, gowy bolsa bedeniň dürli ulgamlarynyň dogry işlemegini üpjün edýär.
Holesterin barlygynyň kada görkezijileri bar, olar jynsa, ýaşa we adamyň umumy fiziki ýagdaýyna görä tapawutlanýarlar. Hünärmenler, holesteriniň mukdary barada pikirlenmäge 30 ýaşdan başlap, teklip edýärler. Mysal üçin, 30 we 40 ýaş aralygyndaky erkekler üçin kada 3,4-6,3 mmol/l hasaplanýar, aýallar üçin bolsa 3,6-7 mmol/l, indiki 10 ýaş aralykda görkezijiler degişlilikde 3,8-6,9 we 3,9-7,2 bolar. Az-azdan - ýaş ulaldygyça - sanlar üýtgär we 70 ýaşdan soňra erkekler üçin 4,5-7,3 we aýallar üçin 3,7-6,7 mmol/l bolar.
Eger-de barlaglar holesteriniň ýokarlanan derejesini görkezýän bolsalar, ony dogry saýlanan iýmitlenme tertibi bilen, zyýanly endiklerden ýüz öwürmek bilen we gün tertibine yzygiderli fiziki işjeňligi goşmak bilen düzedip bolýar.
Diňe rasiona diňe holesterini peseldýän önümleri goşmagy we holesterini ýokarlandyrýan önümleri çykarmagy maslahat berrmän, eýsem benedäki holesterin görkezijileriniň kadalaşmagyna ýardam berjek doly derejede deňeçerlenen iýmitlenme ýörelgelerine goldanmagy maslahat berýäris:
Her iýmit kebul edişligine gündelik gök önüm kada möçberini goşmak - 400-500 g
Kletçatka baý önümleri iýmek
Pesinden hepdede 3 gezek balyk we deňiz önümlerini iýmek we gyzyl eti çäklendirmek
Menýu turşy süýtli önümleri goşmak
Ähli çendenaşa ýagly öünmleri, senagat şöhlat önümlerini, fastfud, maýonez we ketçup, süýjülikleri azaltmak ýa-da doly aýyrmak, ak çöregi iýmegi çäklendirmek
ERBET WE GOWY HOLESTERIN NÄMEDIR?
Aslynda biziň bedenimizde iki dürli holesterin ýok – bu şol bir organiki madda. Emma ol haýsy ýol bilen gider: saglygyň peýdasyna ýa-da olaryň zyýanyna, bu beýleki maddalara - beloklara, uglewodlara, aminoturşulara baglydyr. Olar bilelikde şeýle atlandyrylýan liporpoteinleri emele getirýärler, olar ine gowy ýa-da erbet bolup bilýärler.
Gowy holesterin – bu ýokary dykyzlykdaky lipoproteinler, olary gysgaça ÝDL ýa-da ÝDLP diýip atlandyrýarlar. Olaryň wezipesi – damarlaryň diwarlaryny arassalamak, ödüň düzüjilerine soňraky gaýtadan işlenmegi üçin holesterini bagyra ibermek bolup durýar.


Erbet holesterin – bu pes dykyzlykdaky lipoproteinler (PDL ýa-da PDLP), damarlaryň "hapalanmagynyň" we holesterin ýa-da aterosklerotiki dykylmalaryň emele gelmeginiň çeşmesidir.
HAÝSY ÖNÜMLER HOLESTERIN DEREJESINI PESELDÝÄRLER?
2.jpg

Holesterini peseldýän önümleri saýlanymyzda, olaryň häsiýetnamalaryna ugrukmagymyzda many bardyr - KBÝU, kletçatkanyň barlygy, siňdirijiligi we laýyklygy. Aýallar we erkekler üçin olar şol bir önümlerdir, şeýle-de ýaş boýunça şahsy maslahatlar ýokdur. Dogrusy, bedeniň şahsy aýratynlyklaryny hasaba almaly – allergiki reaksiýalary, aşgazan-içege ýoly we iýmiti siňdirmäge jogap berýän agzalar bilen meseleler.
Biz holeserini peseldýän önümleriň umumy sanawyny düzdük:
Kösükliler
Galla önümleri
Ýagly görnüşli balyklar
Hozlar
Peseldilen ýag göterimli süýt önümler
Ösümlik ýaglary
Kösükliler: nohut, noýba we nohutjyk – aňsat siňdirilýän ösümlik beloga we kletçatka ýaý. Erbet holesteriniň döremegine öňüni alyş çäre bolup gulluk edýärler.
Galla önümleri: goňur tüwi, süle ýarmasy, arpa – bedende holesterin derejesini sazlaýan köp mukdarda kletçatkasy bar.
Turşy süýtli önümler: kefir,gatyk, prostokwaşa, rýaženka – içegäniň mikroflorasyny gowulandyrýan we erbet holesteriniň sorujylygyny peseldýän probiotiklar bolup durýarlar.
Ýagly görnüşli balyklar: gyzylbalyk, skumbriýa, takgaz, sardinalar - ýürek-damar ulgamy üçin wajyp bolan we damarlary dykylmalardan arassalaýan Omega 3 ýagly turşulyklary bar.
Hozlar: grek, badam, funduk - Omega ýagly turşulyklaryň we kletçatkanyň ýene-de bir çeşmesi. Şol sebäpden garbanma üçin bir gysym hozlar günüň ortasynda diňe açlyk duýgusyny basmaga däl-de, eýsem beden üçin gowy holesterini öndürmäge ýardam berer.
Ösümlik ýaglary: zeýtun ýagy, awokado, zeýtunlar – haýwan ýaglaryna alternatiwa bolup biler, netijede bolsa, erbet holesteriniň mukdaryny azaltmaga mümkinçilik berer.
ОВОЩИ И ФРУКТЫ, СНИЖАЮЩИЕ ХОЛЕСТЕРИН
Kletçatka - bu beden tarapyndan siňdirilmeýän ösümlik süýmleridir, aşgazan-içege ýolundan geçýän ähli zyýaly zatlaryň özboluşly "arassalaýjysy" bolup gulluk edýär. Onuň işini gowulandyryp, erbet holesteriniň sorujylygyny pesledýär we gowy holesteriniň öndürilişini işjeňleşdirýär. Kletçatkanyň esasy çeşmesi sülüklilerden başga elbetde gök önümler we miwelerdir.
Eger-de siz holesterini peseltmek isleýän bolsaňyz, haýsy gök önümleri menýu goşmaly:
Kelem (brokkoli, reňkli, romanesko, brussýel, ak we gyzyl başly)
Badamjanlar
Kädi
Gabaklar we sukkini
Käşir
Iň gowusy pektin köp bolan miweleri saýlamaly. Bu organiki madda erbet holesteriniň derejesini peseldýär:
Almalar
Üzüm
Ýertudana
Sitruslylar (apelsin, greýpfrut, limon, mandarin)
HAÝSY ÖNÜMLER HOLESTERINIŇ DEREJESINI ÝOKARLANDYRÝAR?
3.jpg
Holesterini peseldýän önümler bilen boluşy ýaly, bärde takyk derejelendirme ýok, ýagny haýsylary erkekleriň menýusyndan aýyrmaly, haýsylary bolsa - aýallaryňykydan. Holesterini ýokarlandyrýan önümler hemmelere garşy görkezilen. Eger-de siz şonda hem olary iýýän bolsaňyz, ýatlaň: ýaş bilen maddalaryň çalşygy haýallaýar we netijede holesteriniň derejesiniň ösmek howpy ösýär. Şol sebäpden siz ulaldygyňyzça şu önümler siziň bereniňiz üçin howply bolýarlar:
Ýagly et, esasn hem gowurylan görnüşde
Transýaglar
Ýokary ýaglylyk derejeli süýt önümleri (mesge ýagy, smetana, gaýmak, peýnirler)
Fritýurda bişirilen islendik önümler
Şeýleleik bilen, haýsy önümleriň gowy we erbet holesterinleriň derejesini sazlaýandygyny bilip, biz deňeçerlenen rasiony düzüp bilýäris.

ŞULARY HEM OKAŇ

Ýene-de saýtda