Siziň halajagyňyz 5 sany ýaşyl tagamlar

08.11.2021
Ýaşyl reňk – bu durmuşyň reňkidir. Şeýle hem saglygyň reňkidir. we islendik diýetolog size aýdar: ýaşyl gök önümler we otlar iň peýdalydyr, şol sebäpden olar bilen tagamlary öz gündelik rasionyňyza goşuň. Geliň anyklaly näme üçin: • Içinde, aslynda gök önümlere ýaşyl reňk beren hlorofill bar. Bu madda – antioksidant, ýagny, bedendäki turşulyk-aşgar balansyny sazlaýar, onkologiki kesilleriň öňüni almaga gulluk edýär we ýaşlygy uzaldýar. • Aşgazan-içege ýolunyň işini kadalaşdyrýan, has çalt doýmaga ýardam berýän we doýgunlyk duýgusyny uzak wagtlap saklaýan, kletçatkanyň çeşmesidir. • Erbet holesteriniň mukdaryny azaldýar we şeýlelik bilen ýürek-damar keselleriniň öňüni alýar. • E witamini ýene bir antioksidant, ondan başga-da görüşe täsir edýär we gözleri ýaş üýtgemelerinden goraýar. • Gemoglobinyň derejesini ýokarlandyrýar, sebäbi demire baý. • Agramy goldamaga we gelşikliligi saklamaga ýardam berýär, şeýle hem ähli berhizleriň düzümine girýär, eger-de agrmay peseltmek zerur bolsa – ýaşyl gök önümleri kaloriýa derejesi örän pesdir. Ýaşyl gök önümlerden aňsatlyk bilen tagamlary bişirmek üçin, doňduryjyda doňdurylan noýbany, brokkolini, nohutjygy, ysmanagy saklaň. Gök önümleriň membranalaryny zaýalamaýan şok doňdurma tehnologiýasy boýunça öndürilen önümler, witaminleriň iň köp mukdaryny özünde sakladylar. Her bir gök önümden bir çümmük alyň we kastrýulýada ýa-da bugda edil birnäçe minut gaýnadyň, teksturany we reňki saklamak üçin sowuk suwda blanşirläň. Soňra dogralan otlary, zeýtunlary goşuň, duzlaň we burçlaň, zeýtun ýagy bilen garyň. We ine iň gowy ýaşyl işdäaçar taýýar – özbaşdak tagama ýa-da garnir hökmünde äberiň.
1-09.11.png
Konserwirlenen ýaşyl gök önümler, doňdurylan gök önümler ýaly hem peýdalydyr. "Konserwirleme" sözünden gorkmaň – ol "konserwantlar" sözüniň manydaşy däl. Konserwirleme – bu önümlerde bakteriaýalaryň ösüşiniň öňüni alýan we olary uzak möhletde saklamaga mümkinçilik berýän tehnologiýadyr. Bonduelle konserwalaryna diňe gök önümler, suw, duz we şeker girýär. Ýaňy ýakynda biz täzeligi - organiki ýaşyl nohutjygy hödürledik, bu bolsa laýyklyk sertifikaty bilen tassyklanyldy. Şeýlelik bilen, siziň rasionyňyz has peýdaly bolup biler. Galyndylaryň mukdaryny azaltmak we biziň planetamyzyň ekologiýasyny saklamak barada alada etmek üçin demir bankany gaýtadan işlemäge hökman tabşyryň. Şu salgylanma boýunça, bankany gaýtadan işlemäge nädip taýýarlanylmalydygy barada bilep bilersiňiz we golaýyňyzdaky gaplama kabul ediş nokadyny tapyp bilersiňiz.
Ýene bir maslahat: hemişe we ähli tagamlara ýaşyllygy goşuň – onda bir giden witaminler bar. We, elbetde, ýiti tagamly otlar siziň naharlaryňyzy tagam boýunça dürlileşdirirler.
GÖK ÖNÜMLERDEN 5 SANY HITLAR
BROKKOLIDEN, AWOKADODAN WE YSMANAKDAN KOKTEÝL
Şähdiňi açýan we witaminli içgi. Onuň bilen ertiri başladyp bolýar, ýa-da günüň ikinji ýarymy üçin energiýa almak üçin ony garbanma hökmünde hem içip bolýar. Tomusda oňa brinäçe buz bölegini goşmak örän gowy bolar – olar kokteýli diňe peýdaly etmän, eýsem ony salkynladyjy eder. 60 kkal/ 100 g
2-09.11.jpg
INGREDIÝENTLER: Bonduelle brokkoli kelemi 1 gap (400 g); ysmanak 100 g; awokado 1 sany; limon 1 sany; suw 200 ml TAÝÝARLANYŞ USULY: 1. Awokadony arassalaň. Limonyň ýarysynyň suwyny sykyň. 2. Äli ingredibentleri blendere goýuň we maýdalaň. 3. Kokteýli limon tegelekleri bilen bezäp, äberiň.
TURŞUJALY, AWOKADOLY WE ZEÝTUNLY KREM-ÇORBA
Bu witaminli çorbany ýylyň islendik wagtynda gaýnadyp bolýar - we hatda üýtgedip bolýar. Mysal üçin towuk çorbanyň suwuny ulanylmasa, onda çorba etsiz-ýagsyz bolar. Tomusda ony sowuk görnüşde äberip bolýar we tagamyň ýitiligi üçin ýiti tagamly otlary goşup bolýar. 92 kkal / 100 g
 

INGREDIÝENTLER: Bonduelle inçe kesilen ýaşyl noýba gabyň 1/2 (200 g); Bonduelle ýaşyl nohutjyk gabyň 1/2 (200 g); turşuja 100 g; awokado 1 sany; towuk çorbanyň suwy 450 ml; düýp sogan 1 sany; sarymsak 4 diş; rukkola 50 g; zeýtun ýagy 1 nahar çemçe; zeýtunlar 100 g; tagam boýunça duz; tagam boýunça burç TAÝÝARLANYŞ USULY: 1. Kastrýulýada ýagy gyzdyryň we maýda dogralan sogany, ol dury we ýumşak bolýança çenli gowuryň. 2. Nohutjygy we noýbany goşuň. 3-4 minutlap buglaň we çorba suwyny giýyň. 10-12 minutlap, yzygiderli garyp, gaýnadyň. Turşujany goşuň we ýene-de 5 minutlap gaýnadyň 3. Otdan düşüriň, awokadonyň ýumşak ýerini we maýdalanan sarymsagy goşuň, hemmesini blenderler bilen birmeňzeş ýagdaýa çenli maýdalaň. Duz we burç sepiň. 4. Rukkola we zeýtunlar bilen bezäp, äberiň.

3-09.11.jpg



KÖSÜKLI NOÝBALY WE YSMANAKLY RIZOTTO
Italýan aşhanasynyň tagamlaryny taýýarlamak örän ýeňil – bular düşnükli ingrediýentli ýönekeý taýýarlaýyş usullarydyr. Goşundylara baglylykda rizotto dürli reňkler bilen boýalar: gülgüne reňke tomatlar bilen, sary reňke mekgejňwen bilen ýa-da ýaşyk reňke noýba we ysmanak bilen. Eger-de hem reňkde hem tagamda "ýaşyl" netijäni güýçlendirmek isleseňiz – tagama azajyk brokkoli goşuň. 155 kkal / 100 g
 

4-09.11.jpg
INGREDIÝENTLER: Bonduelle ekstra-inçe ýaşyl noýba 1 gap (400 g); arborio tüwi 300 g; düýp sogan 1 sany; närpyz 10 şaha; zeýtun ýagy 5 nahar çemçe; doňdurylan ysmanak 250 g; tagam boýunça duz; tagam boýunça burç TAÝÝARLANYŞ USULY: 1.Uly çuň saçda 4 nahar çemçesi zeýtun ýagyny gyzdyryň we maýda dogralan sogany dury bolýança çenli altyn reňke ýetirmän gowuryň. 2. Soganyň ýanyna çig tüwini goşuň we, yzygiderli bulap, 1 minut töweregi gowuryň.

500 ml suw guýuň we gapagyny ýapman 20 minut töweregi buglaň. Rizotto goýy we ýumşak bolmaly, ýöne tüwi däneleri ýelmeşmeli däldir. 3. Ysmanagy 6 şaha narpyz goşulan gaýnag suwda gaýnadyň, soňra suwy döküň we ysmanagy narpyz bilen blenderde maýdalaň. 4. Noýbany gaýnadyň we süzgüje agdaryň. Azajyk sowadyň we takmynan 2 sm uzynlykda (takmynan 3 bölege) kesiň. 5. Tüwä ysmanagy, noýbany, maýda dogralan galan narpyzy we 1 nahar çemçesi zeýtun ýagy goşuň, duzlaň, burçlaň, seresaplyk bilen garyşdyryň we gyzgyn görnüşde äberiň.



ÝAŞYL NOHUTJYKDAN WE ESTRAGONLY SPARŽADAN MUSS
Nepis we näzik muss, baýramçylyk stolda ajaýyp garbanma bolar. Pikri hökmünde – ony paý stakanjyklarda ýa-da bokallarda äberiň. Ýeri gelende aýtsak, onuň bezegliligine garamazdan, bu tagam örän ýönekeý we çalt taýýarlanylýar. 78 kkal / 100 g

INGREDIÝENTLER: Bonduelle ýaşyl nohutjygy 1 gap (400 g); želatin 3 çaý çemçe; limon suwy 75 ml; sparža 300 г; estragon 2 şaha; tagam boýunça duz TAÝÝARLANYŞ USULY: Sparžany kiçiräk böleklere kesiň we nohutjyk bilen ýumşak ýagdaýa çenli gaýnadyň. 6 nahar çemçe nohutjygy äberiş üçin galdyryň, galan gök önümleri blenderde maýdalaň. Želatini limon suwunda 5 minutlyk goýuň. Soňra ony astadan kiçiräk kastrýulýada ereýänçä çenli gyzdyryň. Gaýnatmaň. Želatini we kesilen estragony gök önüm pýuresine goşuň we gowy edip garyşdyryň. Massany formalary goýuşdyryň we sowadyja pesinden 3 sagatlyk goýuň. Mussy göni formalardam ýaşyl nohutjyk we estragon şahajyklary bilen bezäp, äberiň.

5-09.11.jpg
MINI BROKKOLILI, ÝAŞ NOHUTJYKLY WE LEŇŇEÇLI POKE
Poke konstruktor ýörelgesi boýunça ýygnalan tagamdyr. KBÝU boýunça örän gowy deňeçerlenen, içinde köp kletçatka bolan, witaminlere we minerallara baý. Ýaşyl poke üçin degişli reňkli islendik gök önümleri alýarys, biziň taýýarlanyş usulymyzda bu nohutjyk we brokkoli bolar. Ýaşyllyk barada unutmaly - özüne mahsus tagamy bolan kinzany goşarys. 137 kkal / 100 g

6-09.11.jpg
INGREDIÝENTLER: Bonduelle ýaş nohutjyk 1 banka (400 g); Bonduelle mini brokkoli 1 gap (300 g); tüwi aşy 200 g; awokado 1 sany; gaýnadylan leňňeçler 200 g; Nori çipsleri 10 g; marinada ýatyrylan zenjebil 100 g; kinza 20 g; gara künji 1 çaý çemçe; laým 1 sany; zeýtun ýagy 2 nahar çemçe TAÝÝARLANYŞ USULY: 1. Brokkolini gözükdiriji boýunça gaýnadyň. Suwy döküň. 2. Awokadony arassalaň, dilimlere kesiň. 3. Tüwi aşyny gözükdiriji boýunça gaýnadyň. 4. Uly tabaga azajyk aşdan, brokkolidan, leňňeçlerde, ýaş nohtujykdan, awokadodan, zenjebilden, deňiz otlaryndan ýasalan çipslerden, laýmyň dilimini we kinzany goýuň. 5. Zeýtun ýagyny guýup we künji sepip, äberiň.

ŞULARY HEM OKAŇ

Ýene-de saýtda