Owadan brusketta sözi, biziň düşünjämizde uly hasap boýunça adaty buterbrod diýmekdir. Emma italýan aşhanasynda, garbanma hökmünde äberilýän bu tagam, pissa we pasta bilen bilelikde ýokary derejä çykarylan. Rus diline sözme-söz şeýle terjime edilýär - bruscare işlikden, közde gowurmak. düýnden galan çöregiň galyndylaryndan, ýumşaklyga çenli gowurylan hem-de zeýtun ýagy we sarymsak bilen çalynan brusketta bilen daýhanlar nahar edinýärdiler. Ondan has gowy nahary özlerine rugsat berip bilmeýärlerdi. Bu görnüş bilen her kim razylaşmaýarlar. Greklar ýaly italýanlar hem öz geçmişleri bilen buýsanç duýýarlar. Gözlemäge gowy görýärler we köplenç zatlaryň we wakalaryň düýbüni Gadymy Rimda tapýarlar. Hakaktdan hem, eýýäm şol döwürde, zeýtun ýagy öndürilende, täze hasylyň ýagyndan datmak üçin çala sarymsak çalynan gowurylan çörek ulanylýardy. Onuň bölerklerini ýaga batyrýardylar we tagamyny nähilidigini barlaýardylar. Klassiki italýan garbanmasy häzirki wagtda hem diňe üý ingrediýentden ybaratdyr: çörek, sowuk sykmaly ýag we sarymsak.
shutterstock_100795066 — копия.jpg
Brusketta nähili taýýalanylýar. Iyalýan garbanmasy örän aňsat taýýarlanylýar. Başda saçda ýa-da grillde çörek gowurylýar, soňra ol çala sarymsak bilen çalynýar. Jemleýji hereket - ýakymly ysly zeýtun ýagynyň birnäçe damjasy.
Asyrlar geçdi, garbanmany has ynjyk iýijiler dadyp gördüler. Ýuwaş ýuwaşdan çylşyrymly bolmadyk tagam, myhmanlara hödür etmäge utanyp bolmajak (pikir etmez ýaly: öý eýeleri şeýle derejede garyp, stoluň üstünde naharlardan mynsayp hiç zat ýok) has nepis tagama öwrüldi. Restoranlar hem italýan buterbrody gaýra goýmadylar - ony islendik kärhananyň menýusynda tapyp bolar. Ilkibaşdaky görnüşe, ol bolsa islendik bruskettanyň esasydyr, gök önümlerden, proşuttodan, ançouslardan, peýnirlerden we miwelerden hem dürli doldurmalar hem goşdular.
Käbir sebitleriň bruskettanyň öz şahsy taýýarlaýyş usullary hem bar. Toskanada - fettuna (sözme söz çalynan dilim), iri duz sepilen, ol dişlerde ýakymly hytyrdaýar, we täze üwelen ýurç bilen sepilen. Pýemontda - soma d’ai, sendwiçi ýa-da onuň italýan görnüşini - paninini ýada getirýär. Soma bilen, garbanma üzümi goşup, üzüm ýygýanlar naharlanýardylar.
BRUSKETTA ÜÇIN ÖNÜMLERI NÄDIP SAÝLAMALY
Esasdan başlaly - çörek. Brusketta üçin iň gowy çörek - çiabatta. Onuň "şypbyk" görnüşinde terjime edilýändigini bilýädiňizmi? Çiabattanyň, bruskettanyň gurluşyny saklamak üçin, hytyrdaýan belli bir derejede gaty gyňagy we doldurmanyň tagamy we hoşboý ysyny içine siňdirýän ýumşak bölegi bar. Çiabatta ýok bolsa, başga çörek alyň: gallaly baton fransuz baget.
shutterstock_111068303 — копия.jpg
Çiabatta diňe 1982 ýylda ýüze çykdy. Onuň awtory - öňki awto ýaryşçysy Arnaldo Kawallari. Ol awtosporty taşlap, çörek bişirmek bilen meşgullandy. We örän üstünlikli!
GYZYL NOÝBALY, BEKONLY WE ZEÝTUNLY BRUSKETTA
Noýbaly islendik tagam - uza wagtlap doýgunlygy duýjakdygyňyzyň kepilligidir. Bedene haýal uglewodlar we kletçatka düşende, açlyk duýgusy yza çekilýär. Çili burçyň ajylygy beýniňize serotonin gormonyň habaryny iberer - we siziň keýpiňiz iň bulutly günde hem gowulanar.
bktrec1.jpg
174 kkal / 100 g INGERDIÝENTLER: Bonduelle gyzyl noýba bankanyň 1/3 (130 g); Bonduelle şäniksiz zeýtun bankanyň 1/6 (50 g); baget 4 dilim; bekon 100 g; süýji gyzyl burç 1 sany.; gyzyl sogan 1 sany; rozmarin 1 desse; sarymsak 3 diş; üwelen çili burç 1/2 çaý çemçesi; zeýtun ýagy 2 nahar çemçesi TAÝÝARLANYŞ USULY: 1. Süýji burçy folga dolaň, we 200°С çenli gyzdyrylan duhowkada 15 minutlap bişiriň, soňra gabygyny aýyryň. 2. Sogany arassalaň we ýarym halka görnüşinde kesiň. Bekony ownuk dograň. 3. Saçda 1 nahar çemçesi zeýtun ýagyny gyzdyryň, sogany, bekony, rozmarin ýapraklaryny goýuň we orta otda sogan altyn reňk bolýança çenli gowuryň. Çili goşuň we azajyk gowuryň. 4. Çöregi 2-3 sm galyňlykda kesiň we tosterde guradyň. 5. Bişirilen burçy, noýbany azajyk mukdarda suwuklyk bilen we gowurylan gyzyl soganyň 1/4 bölegi bilen blenderde bir meňzeş massa çenli aýlaň. Eger zerur bolsa — ýene-de azajyk suw goşuň. 6. Tostlary azajyk sarymsak bilen çalyň, galan zeýtun ýagy bilen sepiň, olarda burçdan we noýbadan edilen pýureni, galan gowurylan sogany we ikä bölünen zeýtunlary goýuşdyryň.
TOMATLAR, ZEÝTUNLAR WE REÝHAN BILEN BRUSKETTA
Klassiki italýan bruskettanyň azajyk giňeldilen görnüşi. Ýiti tagam üçin balzamiki sirkäni, peýda üçin Omega ýagly turşylklara baý bolan zeýtunlary, reňk üçin sary burçy goşalyň.
145 kkal / 100 g INGERDIÝENTLER: Bonduelle şäniksiz zeýtunlar bankanyň 1/3 (100 g); baget 1 sany; pomidorlar 3 sany; süýji sary burç 1 sany; sarymsak 1 diş; ýaşyl sogan 2 baldak; reýhan 2 baldak; balzamik sirke 1 çaý çemçe; zeýtun ýagt 1 çaý çemçe; tagam boýunça duz; tagam boýunça burç TAÝÝARLANYŞ USULY: 1. Burçy we pomidorlary gaýnag suwa goýuň. Pomidorlary ýarym minutdan çykaryň, burçy 3-5 minutdan. Gabyklaryny aýyryň. 2. Pomidorlary 4 bölege kesiň, pyçak bilen çigitlerini aýyryň. Dörtýurç görnüşde kesiň. 3. Burçy, zeýtunlary, otlary ownuk dograň. 4. Gök önümleri jama goýuň, bir diş sarymsagy eziň, duz, burç, ýag we sirkäni goşuň. Garyşdyryň. 5. Bageti paý böleklerine kesiň, iki tarapyndan gowuryň (ýa-da duhowkada azajyk guradyň). 6. Doldurmany bagetiň üstüne goýuň. Dessine äberiň.
bktrec2.jpg
ZEÝTUNDAN ÝASALAN TAPENADLY BRUSKETTA
Siz bu garbanmany edil sanalan minutlarda taýýarlarsyňyz - we şunda onuň görmegeýligi. Iň az tagallalar, iň köp lezzet we peýda. Günlük garbanma üçin örän gowy laýyk geler. 162 kkal / 100g
GYZYL NOÝBALY WE SÜÝJI BURÇLY BRUSKETTA
Ýene-de bir doýuryjy we parlak taýýarlanyş usuly. Rukkolanyň ýeňil ajymtygy, reýhanyň ýiti tagamy, gyzyl soganyň süýjüligi we ýakymlygy bilen rozmariniň hoşboý ysy - tagam duýgularynyň çalt üýtgemegini kepillendirýäris.
bktrec3.jpg
120 kkal / 100 g INGREDIÝENTLER: Bonduelle gyzyl noýba 1 banka (400 g); Bonduelle şäniksiz zeýtunlar bankanyň 1/2 (150 g); galla çöregi 5 dilim; gyzyl sogan 1 sany; süýji gyzyl burç 1 sany; rozmarin 2 şaha; reýhan 2 şaha; rukkola bir çümmük; sarymsak 2 diş; üwelen paprika 1/2 çaý çemçesi; tagam boýunça zeýtun ýagy TAÝÝARLANYŞ USULY: 1. Süýji burçy folga dolaň we 180°C temperaturada 15 minutlap dihowkada bişiriň. Sowadyň we arassalaň. 2. Sogany ýarym halka görnüşinde kesiň. Saçda 1 nahar çemçesi zeýtun ýagy gyzdyryň, sogany, rozmarin ýapraklaryny goýuň we orta otda sogan altyn reňk bolýança çenli gowuryň. Paprikany sepiň, garyşdyryň we ýene-de azajyk gowuryň. 3. Çöregi duhowkada 180°C temperaturada 3-5 minudyň dowamynda guradyň. 4. Noýbany suwyny dökmek üçin süzgüje agdaryň. Blendere geçiriň, bişirilen burçy we gowurylan gyzyl soganyň 1/4 bölegini goşuň. Birmeňzeş massa çenli aýlaň. 5. Pyçagyň düz tarapy bilen zeýtunlary mynjyradyň. Çöregi bitin arassalanan sarymsak dişleri bilen çalyň. 6. Çöregi galan zeýtun ýagy bilen sepiň, ouň üstüne burçdan we noýbadan pýureni, galan gowurylan sogany we zeýtunlary goýuň, reýhanyň we rukkolanyň ýapraklary bilen bezäň.
BALZAMIK KREMINIŇ AŞAGYNDA ŞAMPINÝONLY BRUSKETTA
Hytyrdaýan çöregiň üstünde kömelekli görnüşi Fransiýada dörap bilerdi, bu brusketta tagamy boýunça şeýle bir kaşaň.
120 kkal / 100 g INGREDIÝENTLER: Bonduelle kesilen şampinýonlar 1 banka (400 g); çal çörek 4 dilim; balzamiki sous-krem 4 nahar çemçe; zeýtun ýagy 4 nahar çemçe; düýp sogan 1 sany; birnäçe şaha petruşka; tagam boýunça duz; tagam boýunça burç TAÝÝARLANYŞ USULY: 1. Sogany ownuk dörtburç görnüşinde kesiň, zeýtun ýagynda gowuryň, soňra kömelekleri goşuň we hemmesini bilelikde 10-15 minutlap gowuryň. 2. Soganly kömelekleri çuň tabaga geçiriň, balzamigi, maýda dogralan petruşkany, duzy we burçy goşuň. Garyşdyryň. 3. Çöregi 3-5 minutlap 180°С çenli gyzdyrylan duhowkada guradyň. 4. Kömelekleri hytyrdaýan gyňakly çöregiň üstünde äberiň.
bktrec4.jpg
HOŞBOÝ YSLY BRUSKETTALY GYZYL NOÝBADAN KREM-ÇORBA
Klassiki tagamyň täze okalyşy - ony garbanma hökmünde däl-de, çorbanyň ýoldaşy hökmünde äbermek. Eger-de isleýän bolsaň, has bildirýän häsiýetli ýiti tagamly spesiýalary goşup bolýar. 189 kkal / 100 g.
AWOKADOLY, TOMATLY WE ÝAŞYL NOHUTJYKLY BRUSKETTA
Adaty irdenki menýuny dürlileşdirmek üçin, bruskettany ertirlige hem äberip bolýar. Gök önümlerden witaminler we wajyp nutrientler, irimçik üwelen undan çörekden haýal uglewodlar, ýeňil siňdirilýän ösümlik belok - günüň şeýle başlangyjy sizi energiýa we oňaýlyk bilen doldurar.
bktrec5.jpg
120 kkal / 100 g INGREDIÝENTLER: Bonduelle "Näzik" ýaşyl nohutjyk bankanyň 1/2 (200 g); awokado 1 sany; pomidorlar 1 sany; zeýtun ýagy 3 nahar çemçe; çal çörek 4 dilim; reýhanyň birnäçe şahasy; tagam boýunça duz; tagam boýunça burç TAÝÝARLANYŞ USULY: 1. Çöregi duhowkada 180°C temperaturada 3-5 minudyň dowamynda guradyň. 2. Awokadony arassalaň we ownuk dörtburç görnüşde kesiň, şeýle-de pomidory kesiň we çuň däl jama goýuň. Ýaşyl nohutjygy we maýda dogralan reýhany goşuň. Ýag, duz we burç bilen garyň. 3. Gök önümleri çöregiň üstüne goýuň we reýhanyň ýapragy bilen bezäp, äberiň.
YSMANAKDAN ÝASALAN KREM BILEN BRUSKETTA
Maýdalanan gök önümleriň kremli, ýumşak düzümi, gowurylan çöregiň hytyrdylygy bilen gepleşige girýär. Bu brusketta tagamlaryň gyzykly hekaýasyny aýdyp berer.
120 kkal / 100 g INGREDIÝENTLER: Bonduelle ýaşyl nohutjygy gabyň 1/2 (200 g); reýhanyň uly dessesi; sarymsak 4 diş; çal çörek 4 dilim; zeýtun ýagy 6 nahar çemçe; doňdurylan ysmanak 375 g; tagam boýunça duz; tagam boýunça burç TAÝÝARLANYŞ USULY: 1. Nohutjygy gaýnag suwda taýýar bolýança çenli 5-7 minut gaýnadyň. Süzgüje agdaryň we dessine buz suw bilen üstünden guýuň we ýaşyl reňkini saklamak üçin buzyň üstüne çykaryň. 2. Ysmanagy saçda ösümlik ýagda 10-15 minutlap gowuryň. 3. Belnderde reýhan ýapraklaryny, nohutjygy, ysmanagy, sarymsagy, zeýtun ýagy, duzy we burçy birmeňzeş massa çenli aýlaň. 4. Çöregi tosterde ýa-da grilde guradyň. Taýýar ýruskettalaryň üstüne ysmanak kremini goýuň we reýhan ýapraklary bilen bezäň.
bktrec6.jpg
GRILL-GÖK ÖNÜMLI, ZENJEBILLI WE NARPYZLY BRUSKETTA
Doňdurylan gök önümli garyndylar, siziň bişirmäge wagtyňyz ýok bolanda sizi halas ederler. Hawa, aslynda brusketta örän çalt taýýarlanylýar, ýöne işi has-da ýönekeýleşdirip bolýar. Garyndyda gök önümler laýyklygy boýunça örän gowy saýlanan, ýuwulan, arassalanan we estetiki kesilen. Eger-de siz gaty ýadan hem bolsaňyz, fastfud sargamaga howlukmaň: peýdaly agşam nahary üýtgeşik tagallasyz taýýarlanylar.
bktrec7.jpg
120 kkal / 100 g INGREDIÝENTLER: Bonduelle gril gök önümli "Ortaýer deňiz" gowurmak üçin garyndy gabyň 1/2 (350 g); zenjebil köki 60 g; narpyz 5 şaha; çal çörek 4 dilim; zeýtun ýagy 2 nahar çemçe; tagam boýunça duz; tagam boýunça burç TAÝÝARLANYŞ USULY: 1. Gowurmak üçin garyndyny ýag goşmasyz 15 minutlap saçda gowuryň. Gyrgyçdan geçirilen zenjebili, maýda dogralan narpyzy, tagam boýunça duzy we burçy goşuň. 2. Çöregi duhowkada 190°C temperaturada 3-5 minudyň dowamynda guradyň. 3. Gök önümleri çöregiň üstüne çykaryň, üstünden az mukdarda ýag guýuň, ter narpyz bilen bezäň.
LEŇŇEÇLI, HYTYRDAÝAN SALATLY WE ZEÝTUNLY BRUSKETTA
Şeýle-de dostlar bilen italýan äheňli brusketta oturylyşygyny gurnap bolýar. Çalt taýýarlanylýar, bezegli görünýär, tagam barada şeýle-de düşnükli - ajaýyp!
120 kkal / 100 g INGREDIÝENTLER: Bonduelle şäniksiz zeýtunlar bankanyň 1/3 (100 g); çal çörek 4 dilim; leňňeçler 200 g; romano salady 1 dess; pomidorlar 1 sany; limon 1 sany; zeýtun ýagy 2 nahar çemçe; tagam boýunça duz; tagam boýunça burç TAÝÝARLANYŞ USULY: 1. Çöregi duhowkada 180°C temperaturada 3-5 minudyň dowamynda guradyň. 2. Leňňeçleri gaýnag duzlanan suwda 5-7 minutlap gaýnadyň. 3. Pomidorlary halka görnüşinde, zeýtunlary - tegelek görnüşde kesiň. 4. Taýýar çöerege salat ýapraklaryny, soňra - zeýtunlary, pomidorlary, leňňeçleri goýuň. Limon suwyny sepiň, üstünden ýag guýuň, duzlaň we burçlar. Taýýar!
bktrec8.jpg
GABAK IKRALY, REÝHANLY WE KEDR HOZLY BRUSKETTA
Bu taýýarlanyş usuly size çagalykdan tagamlary ýatladar. Ýöne bölekleýin, sebäbi biz adatylyklara garşydyrys. Gabak ikrasy - hawa, şonuň özi, çagalyk tagamly - kedr hozlary we maýdalanan reýhan ýapraklary bilen üsti ýetirilen.
bktrec9.jpg
168 kkal/ 100 g INGERDIÝENTLER: Bonduelle gabak ikrasy bankanyň 1/2 (250 g); çal çörek 6 dilim; kedr hozlary 50 g; zeýtun ýagy 1 nahar çemçesi; reýhan 3 şaha TAÝÝARLANYŞ USULY: 1. Çörege zeýtun ýagyny sepiň we gril-saçda ýa-da duhowkada guradyň. 2. Kedr hozlaryny gury saçda 3-5 minutlap gyzdyryň - olar şeýle has hoşboý ysly bolýarlar. 3. Taýýar çörege ikrany goýuň we bruskettanyň üstüne maýda dogralan reýhany we hozlary sepiň.
YSMANAKLY, RIKOTTALY WE KEDR HOZLY BRUSKETTA
Garşylyklaýyn tagamlaryň söýüjilerine bagyşlanýar. Süýji kişmiş we rikotta - ýumşak italýan peýnirleriň görnüşi - we meksikan söýgi ýaly ajy çili burçy, aýratynlyklaryň çylşyrymly oýunynda hytyrdaýan çöregiň üstünde duşarlar.
152 kkal / 100 g INGREDIÝENTLER: Rikotta 250 g; ak çörek 4 dilim; kedr hozlary 2 nahar çemçe; sarymsak чеснок 2 diş; kişmiş 2 nahar çemçe; tagam boýunça deňiz duzy we burç; çili burçy 1 sany; doňdurylan ysmanak 200 g TAÝÝARLANYŞ USULY: 1. Ysmanagy az mukdarly suwda gyzdyryň ýa-da doňundan çözüň, sykyň. 2. Rikottany, ysmanagy, hozlary, kişmişi garyşdyryň, oňa sarymsagy mynjyradyň, duzlaň, burçlaň. 3. Çöregi grilde gowuryň. 4. Garyndyny çörege çalyň. Çili burçy bilen bezäň.
bktrec10.jpg
TOWUK FILELI, DORAG KREMLI WE SÜÝJI MEKGEJÖWENLI BRUSKETTA
Bruskettanyň däp bolan äberilişinden gyra çekilmegi we ony jübüt hereket bilen doly we deň derejeli tagama öwürmegi teklip edýäris. Onuň üçin gök önümleri we ýagsyz eti goşalyň. Towuk fileli, dorag kremli we süýji mekgejöwenli şeýle brusketta bilen günortanlyk nahary hem edinip bolýar. Has ýakymlylyk we näziklik isleýän bolsaňyz, süýji mekgejöweni ýaş mekgejöwene çalşyryň.
bktrec11.jpg
224 kkal / 100 g INGREDIÝENTLER: Bonduelle däneli süji mekgejöwen 1 banka (340 g); towuk döşi 200 g; dorag 5% 100 g; pomidor 5 dilim; hyýar 8 dilim; salat 1 ýaprak; baget 2 dilim; günebakar ýagy 2 naha çemçe; tagam boýunça duz; tagam boýunça üwelen gara burç TAÝÝARLANYŞ USULY: 1. Towuk döşüni iki ýalpak bölege bölüň, çalaja ýenjiň, duzlaň. Iki tarapyndan az mukdarda ýag bilen grilde 5 minutdan köp bolmadyk wagtlap gowuryň. 2. Bageti uzynlygy boýunça ikä kesiň we gyzdyrylan gril-saja goýuň. Çaý çemçesi günebakar ýagyny guýuň. Çalaja gowuryň. 3. Doraga bir çümmük duz goşuň we blenderden bir meňzeş howaly massa çenli aýlaň. Sowan bagete çalyň. Burçlaň. 4. Süýji mekgejöweni goýuň, üstüne hyýar, pomidor dilimlerini goýuň. 5. Salat ýapraklary goýuň. Üstünden towuk filesini goýuň.
GYZYLBALYKLY WE GAÝMAK PEÝNIRLI BRUSKETTA
Bu bruskettanyň taýýarlanyş usuly - Orta ýer deňiz görnüşli iýmitlenmegiň iň gowy nusgasydyr. Gyzlbalykdan Omega ýagly turşulyklar , ýeňil siňdirilýän belok we azajyk ýiti tagamly otlar. Gaýmak peýniri tekstura tekizlik berýär we ähli ingrediýentleri baglaýar.
215 kkal / 100 g INGREDIÝENTLER: Bonduelle şäniksiz zeýtunlar 1 banka (300 g); kakadylan gyzylbalyk 200 g; dorag gaýmak peýniri 180 g; süýji däl baton 1 sany; uktrop 1 dess TAÝÝARLANYŞ USULY: 1. Batony dilimläp kesiň, grilda iki tarapyndan guradyň. 2. Kakadylan az duzlanan gyzylbalygy ownuk dörtburç görnüşde kesiň. 3. Şäniksiz zeýtunlary ýogyn halka görnüşde kesiň. 4. Ukropy maýda dograň. 5. Gaýmak peýniri käsä goýuň, gyzylbalyk we ukrop bilen garyşdyryň. 6. Çöregiň üstüne goýuň. Kesilen zeýtunlar bilen bezäň.
bktrec12.jpg
GEÇI PEÝNIRLI, ZEÝTUNLY WE KAPERSLI MAÝASYZ ÇÖREKDE BRUSKETTA
Kapersler, baý witamin-mineral düzüme eýedir, şekeriň derejesini kadalaşdyrýarlar, süňk dokumasyny berkidýärler - olarda belok kän, gany suwuk edýärler we stresslaryň öňüni almaga gulluk edýärler. Aslynda kapersleri ortaýer deňiz aşhanasynyň islendik tagamlaryna goşup bolýar. Biz brusketta üçin doldurmanyň içine goşduk.
bktrec13.jpg
225 kkal / 100 g INGREDIÝENTLER: Bonduelle timýanly we sarymsakly zeýtunlar 1 gap (79 g); Bonduelle limonly zeýtunlar 1 gap (79 g); maýasyz çörek 4 dilim; ýumşak geçi peýniri 150 g; guýrukly kaprsler 100 g; kiçi-reýhan 40 g; zeýtun ýagy 20 ml; grek hozlary 50 g TAÝÝARLANYŞ USULY: 1. Dyhowkany 200 gradusa çenli gyzdyryň. Demir taba 1,5-2 sm galyňlykdaky çörek dilimlerini goýuşdyryň. Çörek gyzarýança çenli 5-7 minut bişiriň. 2. Geçi peýnirini brusketta çalyň. Peýniriň üstüne zeýtunlary goýuň. 3. Kapersleri ikä bölüň, üstünden goýuň. 4. Brusketta azajyk zeýtun ýagyny sepiň. 5. maýdalanan grek hozlaryny sepişdirip, reýhan ýapraklary bilen bezäp, äberiň.
BIŞIRILEN NOÝBALY, BEKONLY WE ROZMARINLI BRUSKETTA
Doňdurylan gök önümli garyndylar hem ýaly, şkafda hemişe dürli tagamly taýýar noýbaly jübüt bankany saklamagyňyzy maslahat berýäris. Ilki bilen, ony özbaşdak tagam, ikinji bilen - garnir hökmünde ulanyp bolýar. Biz bolsa ony brusketta üçin doldurma hökmünde almagy teklip edýäris. Äheňi rozmarin bilen, doýgunlygy bekon dilimi bilen güýlendireliň.
185 kkal / 100 g INGREDIÝENTLER: Bonduelle süýji burçly bişirilen noýba 2 banka (720 g); çiabatta 1 sany; bekon 100 g; rozmarin 30 g; gyzyl sogan 1 sany TAÝÝARLANYŞ USULY: 1. Çiabattany uzynlygyna, soňra ikä kesiň. 2. Delspadan 200 gradusa çenli gyzdyrylan duhowkada altyn gyňak emele gelýänçä çenli çöregi bişiriň. 3. Gyzyl sogany arassalaň we maýda dograň. 4. Bekony gyzdyrylan saçda gowuryň, bekona rozmarin goşuň we hemmesine bilelikde azajyk owuryň. 5. Brusketta 2 nahar çemçesi bişirilen noýbany, bekon dilimlerini goýuň, üstünden hytyrdaýan rozmarini we gyzyl sogany sepiň.
bktrec14.jpg