Kada boýunça, öz sada görnüşi sebäpli, ýaprakly seldereý özüne aýratyn ünsi çekmeýär. Ol, diňe bu ösümligiň adaty bolmadyk tagamyny söýüjileriň we sagydn durmuş şekiliniň tarapdarlarynyň talabyndan peýdalanyp, şäher dükanlaryň we bazarlaryň tekjelerinde rahat ýatyr. We düýbünden nähak! Seldereý kö syrlary öz içinde saklaýar, we onuň taryhy örä gyzykly. Onuň aşpezlikdäki meşgurlygy soňky onýyllarda ähli rekordlary döwýär. Onuň şaha-baldagynda bary-ýogy 6 kaloriýa we beden üçin peýdaly bolan maddalar - С, А, Е, К, В toparlarynyň witaminleri, aminoturşulyklar, kalsiý we bor bar. Seldereý - ýürek-damar keseleleriniň, suw-duz çalşygynyň bozulmalarynyň öňüni almak üçin iň gowy serişdedir. Şeýle hem ol bedende çişme amallaryny togatdýar.
сельдерей-1.jpg
Gadymylykda bu peýdaly gök önüm derman we bezeg ösümligi hökmünde ýetişririlýärdi. Gomeriň eserlerinde mirmidonlaryň güýçli atlaryny daşkekre we baldakly seldereý bilen iýmitlendirýärdiler. Gadymy Gresiýada seldereý güýçli afrodiziak hasaplanýardy, sebäbi onuň düzüminde androsteron maddasy bar. Erkekleriň bedeni tarapyndan öndürilýän we ajaýyp jynsyň wekillerini özüne çekýän feromon şeýle atlandyrylýar. Hytaýda seldereýiň peýdasyny içgi mellulygynyň serişdesi hökmünde spirtili içgileriň söýüjileri örän ýokary bahalandyrýardylar. Orta asyrly Britaniýa we Fransiýada seldereýiň köküni we ýapraklaryny üsgülewükden we ýürek demgysmasyndan serişdäniň taýýarlanylmagy üçin ulnýardylar. Gadymy Müsürde, zeýtun agajynyň güllerinden, şahajyklaryndan we ýaprakly seldereýden örülen halkalary mazarlaryň içine goýýardylar. Gadymy Rimda ajaýyp ýeňijileri lawr halkasy bilen, türgenleri bolsa seldereý halkasy bilen sylaglandyrýardylar! Indiýada baldakly seldereý ýaşaýyş güçleriniň nyşany hökmünde sylanýardy. Seldereýi aşaky çakranyň arassalanmagy, bedende energetiki deň derejeliligiň kadalaşmagy üçin ulanylýardy. Gadymy zamanlardan bu ösümlik jadyly hasaplanýardy, gargyşlardan dynmak üçin dürli dessurlarda ulanylýardy. Ezzoterik otçylar häzirki günlerde hem sledereýiň tohumlaryny gorkylardan, aňyň bulaşyklygyndan, öz güýçleriňde ynamy bermek üçin bejergilerde ulanýarlar.
сельдерей-2.jpg
Iýmit önümi hökmünde seldereý ilkinji gezek, XVII asyrda, Italiýanyň şäherlerinde ulanyp başladylar. Ol garyplaryň iýmiti boldy. Seldereýden ýönekeý ilkinji tagamlar, garnirlar, buglanan ragu görnüşinde ikinji tagamlar bişirlýäridi. Wagtyň geçmegi bilen, gurmanlar seldereýiň gamaşdyryjy ysyna we mahsus bolan tagamyna baha berdiler, we ol baý toparynyň we hatda aristokratlaryň hem stollarynda ýüze çykyp başlady. Seldereý hatda . Seldereý hatda ilkinji kolonistler bilen Täze Dünýä syýahat etdi.
сельдерей-3.jpg
Selderiniň düzümindäki köp mukdarda ýokumly maddalardan başga-da, ýene bir anyk artykmaçlygy bar - uzak saklanyş möhleti. Salkyn zemin astynda onuň kökleri gyşyň dowamynda saklanylýar we baldakly seldereýi sowadyja ýerleşdirseň we onuň uçlaryny wagtal-wagtal kesip dursaň, birnäçe hepdäniň dowamynda öňküligi ýaly süýji galýar.
сельдерей-4.jpg
Bu ösümlikden däp bolan ikinji tagamlaryň birinde asyl, bezegli görnüşi bar we "töňňede garynjalar" ady bar. Onuň taýýarlanylmagy üçin, seldereýiň ýakymly, ýogyn baldaklary hoz ýagy bilen çalynýarlar we sukatlar bilen spilýärler. Seldereýiň aýratyn tagamy, birinji tagamlarda ajaýyp açylýar. Bu pýure-çorba ýa-da bu hoşboý ysly gök önümiň kökleri ýa-da baldaklary esasynda görk önümli assorti bolup biler. Çorbadaky süýmli ösümlikleri köp kişiniň halamaýandygy sebäpli, diňe çorba suwuny galdyryp gaýnan seldereýi ýöne çykarýarlar. Işdäaçarlary taýýarlamak üçin kesilen şaha-baldaklar ulanylýar. Mysal üçin, seldereý we tofu bilen etsiz-ýagsyz oliwýe işdäaçaryny ýa-da armytly seldereý kökünden işdäaçary taýýarlaň. Kökler we ýaprakly seldereý garnirlara goşulýar: ýeralma pýuresi, şüleler, gök önümli gaýnadylan tüwi. Olar tagama ajaýyp ýiti tagam äheňlerini berýärler.