DÜNÝÄNIŇ DÜRLI ÝURTLARYNDA NÄME IÝÝÄRLER?

12.09.2019
AŞPEZLIK SYÝAHATY: DÜNÝÄNIŇ DÜRLI ÝURTLARYNDA NÄME IÝÝÄRLER?

Dünýäde 252 sany ýurt bar we olaryň her birinde öz aşpezlik däpleri bar. Käbir halklar diňe ajy nahar iýýärler, käbiri öz durmuşyny etsiz gözegine getirmeýär, ýene birileri naharyna gowurylan gülleri goşýarlar... Biz şu gün aşpezlik syýahatyna ugraýarys we dürli ýurtlaryň ýaşaýjylary näme bilen iýmitlenýändigini öwreneris. Biz bilen gideliňmi?
FRANSIÝA
Франция.jpg

Fransuzlar ertirlik edinmeýärler diýýärler. Iň aňrybaşy Parižiň ýa-da Prowansyň ýaşaýjysynyň iýip biljegi bu kofe käseli kruassandyr. Günortanlyk we agşam nahary bolsa bu ýöne nahar iýmek däl-de, maşgala, dostlar, işdeşler bilen ýygnanyşmaga sebäpdir.
Iň meşhur günortanlyk çorba soganly çorbadyr, bu diýmek mesge ýagynda gowurylan köp-köp sogan, ýagly çorba suwy, grenkalar, peýnir. Ýokumly, kaloriýaly, süýji. Ýogsada çorbany işdäaçar bilen, mysal üçin "Nisuaz" bilen çalşyryp bolýar, onuň esasy ingrediýentleri tuna balygy, kösükli noýba, tomatlar we ýumurtga. Şeýle işdäaçary size taýýarlamak hem aňsat, ýöne oňa Bonduelle-den ýaşyl noýbany goşmagy unutmaň.
Esasy tagam bu, adatça boluşy ýaly, haýsydyr bir etli tagam we garnir. Burgund usuly boýunça et meşhurdyr: ýeralma, makaronlar we reňkli kelem bilen buglanan sygyr etiniň bölekleri. We elbetde hem, hiç bir fransuz nahary gowy çakyrsyz geçmeýär.
AMERIKA

Америка.jpg

Amerikanlynyň ertiri patraklardan we bekonly heýgenekden başlanýar. Olar şeýle-de jemli we arahis pastaly tostlary iýýärler (Amerikada arahis pastasyny gaty gowy görýärler!)
Günrotanlyk nahary işiň töweerginde ýerleşýän restoranlarda örän çalt geçýär. Amerikada günortan arakesmesi takmynan 30 minutdan ybaratdyr, şonuň üçin gürrüňlere we tagamlaryň uzak garaşmalary ýok - şol sebäpden hemme kişi burger ýa-da doýuryjy sendwiç bilen oňýarlar.
Agşam naharyna bolsa düýpli taýynlyk görýärler: stola hem çorbany, hem gyzgyn tagamlary, hem garniri, we birnäçe souslary, we deserti goýýarlar. Däp bolanlardan we söýülýänlerden - dolanýan suharlarda bişirilen towuk we mesge ýagly mekgejöwen. Siz şony özüňiz dadasyňyz gelýärmi? Hökman Bonduelle-den ýaş mekgejöweni ulanyň.
BRAZILIÝA

Бразилия.jpg

Braziliýada eti gowy görýärler! Elbetde ertirlik onsuz geçýär, ýöne günortan we agşam naharynda - hiç haçan. Iň meşhur nahar "Feýžoada" hasaplabylýar. Klassiki taýýarlanyş usuly öz içine alýar: doňuz aýaklary, et kesindileri, kakadylan şöhlat, gara noýba. Däp bolşy ýaly, tagam bir gije-gündizden köp wagtda bişirilýär, sebäbi eti gowy edip marinada ýatyrmaly we deslpadan noýbalary suwda goýmaly.
Siz braziliýanyň bu tagamyny öýde bişirmäge synanyşmazlygyňyz mümkin, ýöne gara noýbany gyzyl noýbar çalşyryp bolar. We spesiýalary gysganmaň, "Feýžoada" sarymsak, gaty ajy burç we otlar goýýarlar.
INDIÝA

Индия.jpg

Indiýanyň aşpezlik däpler örän dürli-dürlidir, şol sebäpden ýeketäk indiýa aşhanasy barada hakykatda gürrüň edip bolmaýar. Emma, barzilaýalylardan tapawutlylykda Indiýanyň ýaşaýjylarynyň köpüsi wegetarian bolup durýandyklary barada anyk aýdyp bolýar. Iýmitlenmegiň esasy - gök önümler, tüwi, noýba görnüşleri we dürli çörejikler bolup durýar. Şeýle hem az-kem islendik tagama goşulýan masala spesiýalarynyň garyndysydyr.
Hem kafede, şeýle hem öýde bişirilýän päp bolan tagam - thali. Hindi dilinden ol "uly tbak" ýa-da "podnos" diýip terjime edilýär. Uly tegelek podnosa tüwi tümmegi goýulýar, we onuň töwereginde kiçiräk käseli dürli garbanmalar, garnirlar, goşundylar we souslar goýulýar. Baýramçylyklarda şeýle "goşundylaryň" sany 25-e çenli hem ýetýär!
AWSTRALIÝA

Австралия.jpg

Adaty awstraliýa ertirligi ýewropalylaryň ertirligine mezeýär - olar mýüsli, buterbrodlar, heýgenek, miweler. Ondan soňra bolsa iň gyzyklysy başlanýar, mysal üçin, günortan naharyna awstraliýaly kenguru etli raguny iýip bilýär. Şeýle et seýrek tagam hasaplanylmaýar, ony adaty supermarketde satyn alyp bolýar.
Agşma naharynda bäred - barrakuda balygyny, şleper ýa-da weýbeýt (ýerli ownuk balyk) äberilýär. Ony adaty bolmadyk usulda bişirýärler: çala ýanýan közlere ot gatyny goýýarlar, soňra balygy goýýarlar, soňra ýene oty, soňra bolsa közler bilen ýapýarlar. Emma awstraliýa aşhanasynyň wizit karty - bu et içleklisidir. Bu kiçi içlekli (el aýasyndan uly bolmadyk) dogralan etden, tomat sousy bilen garylan gatlanan hamyrdan taýýarlanylýar. Orta sanly awstraliýaly ýylda 12 sany et içleklisini iýýär diýlip hasaplanylýar. Eger-de siz şeýle içleklini bişrmäge karar berseňiz, sousyň esasy üçin Bondelle-den tomat etinde tomatlar laýyk geler.
GAR

ЮАР.jpg

Afrika kontinentine geçýäris. GAR-yň milli aşhanasy — gündogar, ýewropa, aziýa we afrika aşhanalarynyň täsin birleşmesidir. Ýurdyň çylşyrymly taryhy ýerli aşhana hem öz täsirini ýetirdi. Ertirlikde GAR-yň ýaşaýjylary ýiti tagamly "burewos" sygyr etinden kiçi şöhlatlary ýa-da "mielepap" ak mekgejöweninden şüläni saýlaýarlar.
Dünýäde GAR-dan başga hiç ýerde iýilmeýän tagam - "waterblommetýibredi". Şu sözi aýdyp görüň! Bu günrota afrikanyň sogangülniň gunçasy bilen buglanan etdir. Ony stola ýylda bir gezek - bu seýrek sogangüli güllände iýul-awgustda äberilýär.
Afrikan usulynda bir tagamy öýde, bizde Rossiýada bişirip bolarmy? Bolýar, mysal üçin, "umngkuşo" — Nelson Mandelanyň gowy gňrýän ragusy. Size gerek bolar: owradylan mekgejöwen däneleri, düýp sogan, süýji noýba, ýeralma, gyzyl burç, limon we mesge. Süýji noýba ýeňillik bilen gyzyl noýba çalşyrylýar.
ROSSIÝA

Россия.jpg

Biz nähili halamasak hem, Rossiýa barada stereotiplar bilen pikir edýärler, biz öüzmiz hem bu stereotipleri tassyklaýarys. Ertirlikde biz süle şülesini ýa-da doragdan syrnikleri, günortan naharynda - borş we greçkaly kotletleri iýýäris. Agam naharynda duhowkada bişirilen ýeralmaly towugy ýa-da üwelen etli makaronlary gowy görýäris.
Birmeňzeş rus saýlamlaryň tassyknamasy hökmünde "Ýandeksiň" barlagy boldy, onuň netijelerini kompaniýa eýýäm 2017-nji ýylda neşir etdi. Gözleg ulgamy nahar babatyndaky rossiýanyň millonlap talaplaryny seljerdi. Şonda hem anyklanyldy, güýzde hemme kişi kömelekleri ýygnaýarlar we olary gowurýarlar, ýazda bolsa - hökman Maslenisa baýramynda çelpekleri bişirýärler. Hemme ýerde maýonezi ketçupdan köp gowy görýärler, biziň iň gowy görýän işdäaçarlarymyz bolsa — bu «Sezar» we garaleňňeç taýajykly işdäaçar. Wi garaleňňeç taýajykly işdäaçary iýesim geldi. Öýde Bonduelle mekgejöweni galdymy, seredip görmeli, sebäbi onsuz bu işdäaçary taýýarlap bolmaz ;)

ŞULARY HEM OKAŇ

Ýene-de saýtda