Knedlikler, galuşkalar, nýokkiler, galkalar, gombowesler, plawunlar, knedli, salma, kama. Undan, tüwiden, mankadan, ýeralmadan. Suwda ýa-da çorba suwunda gaýnadylan kiçi ýa-da gaty kiçi däl hamyr bölejikleri. Bularyň ählisi kürtükler – nemes dilinden knödel terjime dilende «lokgajyklar».
Kürtükler hem çorbalaryň, hem garnirlaryň ingrediýenti, hem özbaşdak tagam bolup bilýär. Başda olar "sozulandy": dykyz, maýyşgak hamyr kiçi şöhlat görnüşde sozulýardy we olardan bölejikler kesilýärdi.
Soňra käbir dünýä aşhanalarynda olar "ruha" eýe boldular. Onuň içinde doldurma - näziklik üçin goýup başladylar. Mysal üçin Belorussiýada, kürtükleri örän ýakymly edýän salo bölegi. Ýa-da ýöne hamyra dorag, üwelen balyk ýa-da et goşmak.
Soňra başga dürli görnüşlilik emele geldi. Süýt ýa-da gaýmak, kim nähili halaýan bolsa, hamyra maýyşgaklygy berdiler we kemärk dykyz etdiler. Şeýle hamyry çemçä dolduryp gaýnag suwa gaýnamak üçin iberýärler.
2 396х512.jpg
Kürtükleriň meşhurlygyny ýönekeýlik, düzüjileriň az mukdary we doýuryjylygy bilen düşündirilýär. Köplenç boluşy ýaly, kürtüklerip taryhy köki bilen garyplaryň aşhanasyna gidýär. Az mukdarda çykdajylar bilen ol ähli maşgalany iýmitlendirýärdi. Belli bir wagtdan soňra, ýene-de köplenç boluşy ýaly, kürtükleri ilatyň dürli gatlaklary datdylar we olaryň örän süjidigine we kaşaň ýerlerde äberilmäge mynasypdygyna karar berdiler.
ITALÝAN NÝOKKILER
3 1000х440.jpg
Nýokkiler, has dogrusy kürtükleriň italýan görnüşi hökmünde öňki şekilleri, eýýäm Gadymy Rimda meşhurdylar. Olaryň taýýarlanyş usuly Mark Apisiýiň aşpezlik kitabynda tapyldy. Şol döwürde olar üçin diňe suw we un gerek bolan ekeni. Orta asyrlar eýýämynda daýhanlar hamyryň içine çörek owuntyklaryny, käwagt bolsa tagam üçin - guradylan miweleri hem goýup başladylar.
Rimda nýokkileri taýýarlamak üçin penşenbe güni aýyrylýardy - etsiz-ýagsyz anna gününe taýýarlanmak üçin. Neapolda - ýekşenbe güni, maşgala günortan naharyna tomat sousynda we eredilen mosarella bilen gnocchi alla sorrentina äberilende.
Indiki wajyp tapgyr – nýokkiler baýlaryň stollaryna göçdiler we «asylly» düzüjileri edindiler: süýt, badam uny, ýumurtgalar. Nýokki taýýarlanylýan öýüň derejesiniň we baýlygynyň aýratyn görkezijisi, zagpyranyň bolmagy - örän seýrek we gymmat goşundy.
XVIII ýüzýylda hamyryň esasy ýeralma boldy, unyň mukdary bolsa örän azaldy. Edil şol wagtda, şu günki biziň bilýän gutarnykly taýýarlanyş usulyň kesgitlendi diýip bolýar. Ýöne beýleki ingrediýentlerden hem nýokkini ylhamly taýýarlamaga aşpezlere hiç kim päsgel berip bilmez. Mysal üçin ysmanagy we kädini ulanmak. Ýeri gelende aýtsak, ysmanakly nýokkiler "Dindaryň bogujysy" resmi däl ady göterýär. Ählisi, bu tagamyň yhlasly sylaýjysy dindar adamyň saýasyndadyr. Onuň söýgüsi şeýle beýikdi, nahar iýmekde we tizlikde çäklenme bilmeýärdi. Şeýlelik bilen ol günleriň birinde artykmaç howlukmadan düwündi we öldi.
Papà del’ gnoco, ýa-da Papa Nýokki bilen tanymak isleseňiz Weronadaky her ýyllyk karnawala gidiň. Papa - ýerli baýramçylyklaryň nyşanydyr. Oňpa gyzyl kostýum geýdirilen, bir elinde nýokki dürtülen çarşagy saklaýar. Ähli anna güni dürli nýokkileri datmak üçin bagyşlanan. Bu däbiň başlangyjy 1531-nji ýyla geçýär, şol ýylda ähli şäher hasylsyzlykdan emele gelen açlykdan kösenýärdi. Baý ýaşaýjylaryň biri Tomasso de Vico nýokki üçin un satyn almaga we garyplary naharlandyrmaga pul bermekleri üçin dostlaryny razy etdi. Soňradan, anna günündäki karnawallaryň däbi mundan beýläk hem dowam etmegi üçin belli bir pul möçberini miras hem goýdy.
Nýokki Italiýadan Fransiýa düşdi. Fransuzlar, taýýarlanyş usulyny özleri hem oýlap tapmasalar, ony hökman kämilleşdirmeli. Şol sebäpden öz düzedişlerini girizdiler. Un ru tehnologiýasy boýunça taýýarlanylýar we diňe ondan soňra onuň esasynda hamyr garylýar. Nýokkiler elbetde sous bilen, bu ýagdaýda beşamel bilen ýoldaşlyk edilýär. We soňky hereket - hususy ady gnocchis à la parisienne.
LITWA SEPPELINLERI
4 1000х440.jpg
Sepellinler – litwa aşpezlik mekdebiniň milli üstünligidir. Äpet kürtükler çig ýeralmadan ýa-da çig we gaýnadylan ýeralmanyň garyndysyndan edilýärler. Olaryň ýanyna, gaýmak bilen eredilen doňuz salosyndan sous äberilýär. Olara şeýle at, ýurt nemes basyp almasy astynda bolan wagty, Ilkinji jahan urşunda berildi. Şol döwürde asmanda german dirižabllary - zeppelinler ýygy-ýygydan uçýardylar. ine şu daşky meňzeşligi üçin bütinleý paahatçylykly tagama söweş ady berildi.
Adaty bolşy ýaly, seppelinler – özbaşdak tagam, ýöne tagamly çorbanyň bölegi bolup bilýärler. Käbir aýallar içine üwelen et goşýarlar, şeýle litwalylaryň goşylary beloruslar edýärler, olarda kürtükleriň görnüşi koldun diýlip atlandyrylýar.
Bulardan başga-da, ir döwürlerde baýramçylyklarda iki ýurtda hem şeýle oýun bardy. Kürtükleriň biriniň içi ýurç bilen bolelin doldurylýardy. Şeýle delikates iýen «Bagtly adama», diňe gynanç bildirmek galýar.
NEMES KNEDLLER
5 1000х440.jpg
Germaniýada iň meşhur týuringen knedller hasaplanylýar. Ölçegi billýarda şary ýaly, şeýle knedlleri ýeralmadan taýýarlaýarlar. Taýýarlamakda esasy ýörelge - şar idel görnüşde tegelek we jaýryksyz bolmalydyr. Şonuň üçin hamyryň iň gowy maýyşgaklygyny gazanmaly, şal sebäpde taýýarlamany dykgatly we uzak wagtlap sürtýärler. Hamyra şeýle-de doňuz salosyndan taýýarlanan jigiredig goşýarlar. Soňra kürtükler gaýnadylýar. Buglanan kelem bilen diňe etli tagamlara garnirden hökmünde gulluk edýärler. Hawa, berhiz we holesterin barada ýatdan çykarmaly…
Týuringen kürtükleri şahsy muzeý hormatyna mynsayp boldylar. Ol Haýhelham şäherinde 1999-njy ýylda Ýeralma gaznasy saýasynda açyldy. Muzeýde tagamyň taryhy bilen tanyşyp bolýar, onuň taýýarlanylyşynyň ähli täpgyrlaryna seredip bolýar ýa-da master-klassdan geçip bolýar we netijäni dadyp bolýar.
Şonuň bilen birlikde, nemesler, hut olaryň kürtükleriniň Ýewropanyň aşpezlik ýollarynda dabaraly ýörüşe başlandyklaryna ynanýarlar.
ÇEH KNEDLIKLERI
6 1000х440.jpg
Çeh knedlikleri Orta asyrlardan bäri bilinýär. Dogrusym olar knedlik diýip däl-de buhtalar diýlip atlandyrylýardy. Olaryň iki görnüşi bardy; undan - gaýnadylan - we gaty çörekden - gowurylan. Ilkibaşda olar uzak ýörüşlere gidýän rysarlar üçin ýimit bolup gulluk edýärdiler. Eger-de el astynda gazan ýok bolsa, aşa pikirlenmän şlemde gaýnadýardylar. Çalt, ýönekeý we doýuryjy. We öňe - edermenlige tarap!
Germaniýada ýaly, Çehiýada hem kürtükler garnir hökmünde çykyş edýärler. Häzirki wagtda olara dürli görnüşli spesiýalar we ýiti tagamly otlar goşulýar. Käbirleri süýji görnüşi halaýarlar - mürepbeli ýa-da jemli.